Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

20-NJI SAPAK

Müsüre berlen alty temmi

Müsüre berlen alty temmi

Musa bilen Harun ýene faraonyň ýanyna barýar. Ýehowa faraona: «Halkymy goýbermeseň, siňek çozduraryn» diýýär. Siňekler Ýehowanyň dördünji temmisidi. Baý we garyp adamlaryň öýleri uly siňekden doldy. Ýöne ysraýyllaryň ýaşaýan Goşen şäherinde ýekeje siňek hem ýokdy. Siňekler diňe müsürlileri çakýardy. Faraon: «Ýehowa Hudaýyňa aýdaý, siňekleri aýyrsyn, halky goýberjek» diýip ýalbardy. Soňra Ýehowa siňekleri aýyrdy, faraon şonda-da halky goýbermedi. Ýehowa faraona ýene temmi berdimi?

Ýehowa faraona: «Halkymy goýbermeseň, mallaryň keselläp öler» diýdi. Ertesi gün müsürlileriň hemme mallary ölüp başlady. Ýöne ysraýyllaryň mallaryna hiç zat bolmady. Özdiýenli faraon ýene ysraýyllary goýbermedi.

Ýehowa Musany ýene faraonyň ýanyna iberdi. Musa baryp küli ýokaryk sepdi, kül tozana öwrüldi. Müsüriň hemme ýeri tozandan doldy. Şondan soň müsürlilere we haýwanlaryna agyryly ýara çykdy. Faraon şonda-da ysraýyllary goýbermedi.

Ýehowa faraona: «Saňa näçe temmi bersemem, halkymy goýbermediň. Ertir üstüňize buz ýagar» diýdi. Ertesi gün ýyldyrym çakyp, buz ýagdy. Müsürde öň şeýle zat bolmandy. Olaryň agaçlary we ekinleri zaýalandy. Ýöne ysraýyllaryň üstüne buz ýagmady. Faraon: «Buz ýagmagyny bes etse, sizi goýberjek» diýdi. Soňra buz ýagmagyny goýdy. Ýöne faraon halky goýbermedi.

Ýehowa faraona ýene nähili temmi berdi? Musa faraona: «Ýehowa çekirtge ýagdyrar. Çekirtgeler galan agaçlaryňyzy we ekinleriňizi iýer» diýdi. Şeýdip, çekirtgeler gök otlary, agaçlaryň miwelerini we ýapraklaryny iýdi. Faraon: «Ýehowa çekirtgeleri aýyrsyn» diýip ýalbardy. Ýehowa çekirtgeleri aýyrdy, faraon ýene sözünde durmady.

Soňra Ýehowa Musa: «Eliňi ýokaryk galdyr» diýdi. Musa elini ýokaryk galdyrdy, hemme ýer garaňky boldy. Adamlar üç günläp hiç zat görüp bilmedi. Ýöne ysraýyllaryň ýaşaýan ýeri ýagtydy.

Faraon: «Bolýar, baryň, gidiň. Ýöne mallaryňyzy goýup gidiň» diýdi. Musa: «Biz Hudaýa gurbanlyk bermeli, mallary goýup gidip bilmeris» diýdi. Faraon gahardan ýaňa ýarylaýjak boldy. Ol: «Güm bol, gözüme görünme! Indi gelseň, öldürerin» diýip, Musany kowup goýberdi.

«Siz dogruçyl adam bilen erbediň, Hudaýa gulluk edýän bilen gulluk etmeýäniň arasyndaky tapawudy ýene-de görersiňiz» (Melek 3:18).