Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

21-NJI SAPAK

Onunjy temmi

Onunjy temmi

Geçen sapakdan bilşimiz ýaly, faraon Musany kowupdy. Şonda Musa oňa şeýle diýdi: «Şu gün agşam ähli müsürlileriň uly ogly öler. Hatda seniňem uly ogluň öler».

Ýehowa ysraýyllara bir nahar bişirmegi tabşyrdy. Olar birýaşar goýny ýa-da geçini soýup, etini gowurmalydy. Soň ony petir çörek bilen iýmelidi. Ganyny bolsa gapynyň söýesine çalmalydy. Soňra geýnip, taýyn bolup oturmalydy. Ýehowa olara: «Şu gün agşam sizi Müsürden çykararyn» diýdi. Ysraýyllar örän begendiler.

Ýarygije Ýehowanyň perişdesi Müsüre aýlanyp çykdy. Gapysyna gan çalmadyk adamlaryň uly ogly öldi. Baýlaryňam, garyplaryňam çagasy öldi. Ýöne gapysyna gan çalan adamlaryň çagalary ölmedi. Ysraýyllaryň hiç biriniň çagasy ölmedi.

Faraonyň hem ogly öldi. Patyşa ogluny halas edip bilmedi. Ol Musa bilen Haruna: «Baryň, gidiň şu ýerden! Malyňyzam alyp gidiň. Hudaýyňyza sežde ediň» diýdi.

Ysraýyllar şol gün agşam Müsürden çykdy. Gije asmandaky aý tegelekdi. Hemme ýere ýagty saçýardy. Olar maşgalasy, taýpasy bilen yzly-yzyna ýöredi. Müsürden aýallar, çagalar we 600 000 erkek adam çykdy. Ysraýyllar bilen başga-da köp adam gaýtdy. Ysraýyllar ahyry gulçulykdan boşady.

Ysraýyllar Müsürden çykjak güni nahar bişirmelidi. Olar her ýyl şol nahary bişirip iýmelidi. Şeýdip, Ýehowanyň halas edendigini ýatlamalydy. Şol nahara Pasha nahary diýilýär.

«Saňa güýjümi görkezmek we adymy bütin dünýä tanatmak üçin, seni diri galdyrdym» (Rimliler 9:17).