Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

25-NJI SAPAK

Ysraýyllaryň guran çadyry

Ysraýyllaryň guran çadyry

Musa ýene Sinaý dagyna çykdy. Ýehowa oňa çadyr gurmagy tabşyrdy. Halk şol çadyrda Ýehowa sežde etmelidi. Adamlar nirä göçse, çadyry hem ýanynda äkitmelidi.

Ýehowa Musa: «Halka aýt, çadyr gurar ýaly kim näme berip bilýän bolsa getirsin» diýdi. Ysraýyllar altyn, kümüş, mis, ýüň, her dürli gymmatbaha daşlary we başga-da köp zatlary getirdi. Musa halka: «Indi getirmäň, şular ýeter» diýdi.

Çadyry gurmaga köp adam kömek etdi. Ýehowa olara çadyry gurmagy öwretdi. Käbirleri ýüp taýýarlady we eşik tikdi. Eşikler owadan bolar ýaly gaş goýdy. Başgalar bolsa daş döwüp, agaç kesdi we altyndan zat ýasady.

Ysraýyllar çadyry Ýehowanyň aýdyşy ýaly gurdular. Çadyrda iki otag bardy. Birine mukaddes otag, beýlekisine iň mukaddes otag diýilýär. Olaryň arasynda tuty bardy. Iň mukaddes otagda äht sandygy durýar. Sandygy akasiýa agajyndan we altyndan ýasadylar. Mukaddes otagda altyndan ýasalan şemdan, stol we tütetgi ojagy bardy. Çadyryň howlusynda bolsa misden ýasalan uly legen we gurbanlyk ojagy bardy. Äht sandygy näme üçin goýuldy? Sandygy görende ysraýyllaryň Ýehowa beren sözi ýadyna düşýärdi. Äht diýmek näme? Ol bir zady söz bermegi aňladýar.

Ýehowa Haruny we ogullaryny ruhany belledi. Olar çadyra seretmelidi we şol ýerde gurbanlyk bermelidi. Harun baş ruhanydy. Şonuň üçin iň mukaddes otaga diňe Harun girmelidi. Ol ýylda bir gezek gurbanlyk berýärdi. Gurbanlygy özüniň, maşgalasynyň we halkyň günäsi üçin berýärdi. Ol diňe şonda iň mukaddes otaga girýärdi.

Ysraýyllaryň Müsürden gaýdanyna bir ýyl boldy. Olar çadyry gurup boldular. Indi şol ýerde Ýehowa arkaýyn sežde edip bilýärler.

Ýehowa ysraýyllaryň guran çadyryny gowy gördi. Ol çadyryň ýokarsynda bulut goýdy. Bulut nirä gitse, ysraýyllar şol tarapa gidýärdi. Bulut nirede dursa, çadyry hem şol ýerde gurýardylar.

«Men tagtdan batly sesiň şeýle diýenini eşitdim: „Ine, Hudaýyň çadyry adamlaryň arasynda. Hudaý olaryň arasynda ýaşar, olar hem onuň halky bolar. Hudaý hem olar bilen bolar“» (Ylham 21:3).