Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

28-NJI SAPAK

Bilgamyň eşegi gepleýär

Bilgamyň eşegi gepleýär

Ysraýyllaryň çölde ýaşaýanyna 40 ýyl bolup barýardy. Olar güýçli halklary we uly şäherleri basyp aldylar. Şeýdip, olar Mowap düzlügine geldiler. Ol Iordan derýasynyň gündogarynda ýerleşýär. Ysraýyllar tizden Ýehowanyň wada beren ýurduna girmelidi. Şol wagt Mowap ýurdunyň patyşasy Ballakdy. Ol ysraýyllar ýurduny basyp alar öýdýärdi. Şonuň üçin Bilgam atly adamy ýanyna çagyrýar. Bilgam ysraýyllara gargyş okamalydy, ýagny erbet zatlary dileg etmelidi.

Ýöne Ýehowa Bilgama: «Ysraýyllara gargyş okama» diýdi. Şonuň üçin hem Bilgam gitmedi. Ballak patyşa ony ikinji gezek çagyrdy. Oňa: «Gelseň bolýar, islän zadyňy bererin» diýdi. Bilgam şonda-da gitmedi. Soň Ýehowa Bilgama: «Yzyňdan gelen bolsalar gidiber, ýöne diňe meniň aýdan zatlarymy aýdarsyň» diýdi.

Bilgam eşegine münüp Mowaba gitdi. Ol Ýehowany diňlemän ysraýyllara gargyş okajak bolýardy. Gidip barýarka, Ýehowanyň perişdesi üç gezek öňünden çykdy. Bilgam perişdäni görmedi, ýöne eşek görýärdi. Birinji gezek eşek perişdäni görüp ekine girip gitdi. Ikinji gezek bolsa eşek gorkup, diwara dykyldy. Şonda Bilgamyň aýagy gysyldy.

Üçünji gezek eşek perişdäni görende nirä gitjegini bilmeýär. Ol ýoluň ortasynda ýatýar. Her gezek eşek ýoldan sowulanda, Bilgam ony taýak bilen urýar. Üçünji gezek uranda Ýehowa eşegi gepledýär. Eşek: «Meni näme üçin urýarsyň?» diýdi. Bilgam: «Meni däliretdiň, gylyjym bolan bolsa seni bölek-bölek ederdim» diýýär. Eşek: «Men seniň şu wagta çenli münüp ýören eşegiň. Öň seni şeýdip köseýädimmi?» diýýär.

Ýehowa Bilgamyň gözüni açdy. Ol perişdäni gördi. Perişde: «Ýehowa saňa gargyş okama diýipdi. Näme üçin gargajak bolýarsyň?» diýdi. Bilgam: «Men ýalňyşdym, gitme diýseň gitmerin» diýdi. Perişde: «Mowaba gidiber, ýöne diňe Ýehowanyň aýdan zatlaryny aýdarsyň» diýdi.

Bilgam Ýehowanyň aýdanyny etdimi? Ýok. Ol ysraýyllara üç gezek gargyş okajak boldy. Ýöne Ýehowa ony saklady. Bilgam üç gezek hem ysraýyllara gowy zatlary dileg etdi. Ahyry ysraýyllar Mowap ýurduny basyp aldy. Bilgam hem öldürildi. Bilgam başda Ýehowany diňlän bolsa ölmezdi.

«Açgözlügiň her hili görnüşinden seresap boluň. Adamyň baýlygy ömrüni uzaltmaýar» (Luka 12:15).