Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

29-NJY SAPAK

Ýehowa Ýuşany saýlady

Ýehowa Ýuşany saýlady

Ýehowa Musany ýolbaşçy belläpdi. Ol köp ýyllap ysraýyllaryň aladasyny etdi. Indi bolsa garrady. Ýehowa Musa: «Ysraýyllar wada beren ýurduma girmeli. Sen olar bilen gitmersiň. Ýöne şol ýurdy saňa görkezerin» diýdi. Musa Ýehowadan birini ýolbaşçy bellemegi haýyş etdi. Ýehowa oňa: «Bolýar, ýeriňe Ýuşany belle» diýdi.

Musa halka: «Indi men garradym. Sizi wada edilen ýurda Ýuşa äkider. Ýehowa ony ýolbaşçy belledi» diýdi. Ol Ýuşa: «Gorkma! Ýehowa saňa kömek eder» diýdi. Soňra Ýehowa Musa ýurdy görkezdi. Ol ýurdy görmek üçin Nebo dagynyň depesine çykdy. Hudaý Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba şol ýurdy bermegi söz beripdi. Musa 120 ýaşynda aradan çykdy.

Ýehowa Ýuşa şeýle diýdi: «Iordan derýasyndan geçip, Kengan ýurduna baryň. Musa kömek edişim ýaly, saňa-da kömek ederin. Ýöne kanunlarymy her gün oka. Hiç zatdan gorkma. Batyr bol! Men näme et diýsem, şony hem et».

Ýuşa iki adamy Ýerihon şäherine iberdi. Ol ýerde näme bolandygyny indiki sapakdan bileris. Şähere giden iki adam yzyna geldi. Olar Ýuşa: «Ýörüň, Kengana gideliň. Häzir tüýs wagty» diýdi. Ertesi gün Ýuşa halka: «Çadyrlaryňyzy ýygnaň» diýdi. Ol halkyň öňünden ruhanylary ýöretdi. Olar äht sandygyny göterdiler. Ysraýyl halky Iordan derýasyndan geçmelidi. Şol wagt derýanyň suwy köpdi. Özem güýçli akýardy. Ruhanylar aýagyny derýa basan badyna, suw akmasyny goýdy. Ol ikä bölündi. Ruhanylar derýanyň ortasyna baryp durdylar. Soň ysraýyllar derýadan geçdiler. Adamlar geçip bolýança ruhanylar garaşdy. Şeýdip, Ýehowa olary derýadan geçirdi. Şonda olaryň Ýehowanyň Gyzyl deňzinde eden gudratlary ýadyna düşendir.

Ysraýyllar ahyry Hudaýyň beren ýurduna geldiler. Olar indi şäherleri we öýleri gurup bilýärdi. Üzüm baglaryny we her dürli miweli agaçlary ekip bilýärdi. Ol ýerde islän zadyňy ösdürip bolýardy. Şonuň üçin oňa süýt bilen bal akýan ýurt diýilýärdi.

«Ýehowa hemişe size ýol görkezer, gurak ýerde zada zar etmez» (Işaýa 58:11).