Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

30-NJY SAPAK

Rahaw iki adamy gizleýär

Rahaw iki adamy gizleýär

Ýuşa iki adamy Ýerihon şäherine iberipdi. Olar Rahaw atly aýalyň öýüne geldiler. Olaryň gelenini patyşa eşitdi. Patyşa olary tutmak üçin, Rahawyň öýüne esgerlerini iberdi. Rahaw olary öýüniň ýokarsynda gizledi. Rahaw esgerlere: «Myhmanlarym gitdi» diýdi. Soňra myhmanlaryň ýanyna baryp: «Siziň Hudaýyňyz Ýehowa güýçli. Siz ýurdy hökman basyp alarsyňyz. Sizi hiç kim tutmaz ýaly kömek ederin. Ýöne sizem meni we dogan-garyndaşlarymy halas ediň» diýdi.

Olar Rahawa: «Bolýar, şu gyzyl ýüpi penjiräňden sallap goý. Şonda öýüňdäkilere hiç zat bolmaz. Senem, dogan-garyndaşlaryňam halas bolar» diýdi.

Rahaw myhmanlary gaçyryp goýberdi. Olar penjiredäki ýüpden sallanyp düşdüler. Daga tarap gaçyp, şol ýerde üç gün boldular. Soň Ýuşanyň ýanyna bardylar. Şondan soň ysraýyllar Iordan derýasyndan geçdiler. Olar ýurdy basyp almaga taýýarlyk gördüler. Ysraýyllaryň birinji basyp alan şäheri Ýerihondy. Ýehowa halka Ýerihon şäheriniň daşyndan aýlanmagy tabşyrdy. Olar alty günläp her gün bir gezek şäheriň daşyndan aýlandylar. Ýedinji gün bolsa ýedi gezek aýlandylar. Soň ruhanylar surnaý çaldylar. Esgerler hem gaty ses bilen gygyrdylar. Şäheriň diwarlary ýykyldy. Rahawyň öýi diwarda gurlupdy. Ýöne onuň öýi ýykylmady. Rahawa-da, dogan-garyndaşlaryna-da hiç zat bolmady. Olar Ýehowanyň halas etjegine ynanýardylar.

«Ahlaksyz aýal Rahaw hem içalylary öýüne myhman aldy, soňra olary başga ýol bilen ugratdy. Ol hem eden işleri üçin dogruçyl hasaplanmadymy?» (Ýakup 2:25).