Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

31-NJI SAPAK

Ýuşa bilen gibgonlylar

Ýuşa bilen gibgonlylar

Ýerihonda bolan wakany Kengandaky başga halklaram eşitdi. Olaryň patyşalary ysraýyllar bilen söweşjek bolýardy. Ýöne gibgonlylar söweşmek islemeýärdi. Şonuň üçin olar köne eşik geýip, Ýuşanyň ýanyna gelýär. Gibgonlylar Ýuşa: «Biz uzak ýurtdan geldik. Biz Ýehowa Hudaýyňyz hakda eşitdik. Müsürde, Mowapda eden işlerini hem bilýäris. Biziň üstümize çozmaň, siziň guluňyz bolaly» diýdi.

Ýuşa olara ynandy, üstlerine çozmajakdygyny söz berdi. Üç günden soň olaryň aldandygyny bildi. Olar Kenganda ýaşaýan eken. Ýuşa: «Näme üçin ýalan sözlediňiz?» diýdi. Olar: «Biz gorkduk. Siziň Hudaýyňyz güýçli, ol size kömek edýär. Bizi öldürmäýiň!» diýdiler. Ýuşa sözünde durup olary öldürmedi.

Şondan köp wagt geçmänkä, Kenganyň bäş patyşasy Gibgona çozjak bolýar. Gibgonlylar Ýuşa: «Bizi halas et» diýýär. Ýuşa esgerleri bilen olara kömek etmek üçin gaýdýar. Olar uzak gije ýöräp, daň atanda barýar. Irden söweş başlaýar. Kenganlar gorkup, her tarapa gaçýar. Nirä gaçsa-da, Ýehowa olaryň üstlerinden buz ýagdyrýar. Soň Ýuşa: «Ýehowa, Güni batyrmaý!» diýip doga edýär. Gün hemişe öz wagtynda dogýar we batýar. Ol bir ýerde durmaýar. Onda näme üçin Ýuşa Gün batmasyn diýip doga etdikä? Ol Ýehowanyň kömek etjegine ynanýardy. Ýehowa uzakly gün Güni saklady, garaňky bolmady. Ysraýyllar Kengan patyşalaryny we esgerlerini ýeňdiler.

«Siziň „hawa“ diýeniňiz „hawa“, „ýok“ diýeniňiz „ýok“ bolsun. Bulardan artygy Şeýtandandyr» (Matta 5:37).