Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

33-NJI SAPAK

Rut bilen Nagomy

Rut bilen Nagomy

Ysraýylda güýçli açlyk bolýar. Nagomy äri we iki ogly bilen Mowap ýurduna göçýär. Birnäçe wagt geçensoň, Nagomynyň äri aradan çykýar. Nagomynyň ogullary Orpa we Rut atly mowaply gyzlara öýlenýär. Aradan köp wagt geçensoň, Nagomynyň iki ogly hem ölýär. Şonda Nagomy hasam gynanýar.

Ahyry Ysraýylda açlyk gutarýar. Nagomy hem muny eşidýär. Ol ýurduna gaýdýar. Gelinleri Orpa bilen Rut hem onuň bilen gaýdýar. Ýolda barýarkalar Nagomy: «Siz ogullaryma-da, maňa-da gowy gelin bolduňyz. Baryň, Mowaba, öýüňize gaýdyň. Ýene-de durmuşa çykyň» diýýär. Gelinleri: «Biz seni taşlap gitmeris. Seni gowy görýäris» diýýär. Nagomy gelinlerine öýüňize gaýdyň diýip, gaýta-gaýta aýdýar. Şondan soň Orpa öýüne gidýär. Rut bolsa gaýynenesiniň ýanynda galýar. Nagomy Ruta: «Orpa öz halkyna, öz taňrylaryna dolandy. Gyzym, bar, senem öýüňe gaýt» diýýär. Ýöne Rut: «Seni taşlap hiç ýere gitmerin. Seniň halkyň, meniň halkym bolar. Seniň Hudaýyň, meniň Hudaýym bolar» diýýär. Şonda Nagomy örän begenýär.

Rut bilen Nagomy Ysraýyla gelýär. Şol wagt hasyl ýygnalyp başlapdy. Bir gün Rut hoşa çöplemäge gidýär. Ol Bowazyň ekin meýdanynda işleýär. Bowaz Rahawyň ogludy. Ol Rutuň öýüne gitmän, gaýynenesiniň ýanynda galandygyny eşidýär. Şonuň üçin Ruta kömek edesi gelýär. Bowaz işgärlerine: «Hemme hasyly almaň. Ruta-da goýup gidiň» diýýär.

Agşam Rut öýüne gelýär. Gaýynenesi: «Şu gün kimiň ekin meýdanynda işlediň?» diýip soraýar. Rut: «Bowazyňkyda» diýýär. Nagomy: «Ol biziň garyndaşymyz. Özüň ýaly ýaş gelinler bilen şol ýerde işläber. Hiç kim saňa zat diýmez» diýýär.

Hasyl ýygymy gutarýança Rut Bowazyň melleginde işleýär. Bowaz Rutuň gowy hem işeňňir gelindigine üns berýär. Şol döwürde bir aýalyň ogly bolmanka äri ölse, ol ýene durmuşa çykyp bilýärdi. Ýöne ony diňe äriniň garyndaşy alyp bilýärdi. Şonuň üçin Bowaz Ruta öýlenýär. Olaryň ogly bolýar. Adyna Abyt dakýarlar. Abyt Dawut patyşanyň atasy bolýar. Rutuň ogly bolanda Nagomynyň joralary we goňşulary begenýär. Olar: «Ruty saňa Ýehowa beripdir. Ol gowy gelin, seni taşlamady. Indi bolsa agtyk berdi. Ýehowa şöhrat bolsun!» diýýärler.

«Dostlar bardyr, dogandan hem ýakyndyr» (Nakyllar 18:24).