Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

34-NJI SAPAK

Gedeýon midýanlary ýeňýär

Gedeýon midýanlary ýeňýär

Ysraýyllar ýene Ýehowa gulak asmaýar. Olar butlara sežde edip başlaýar. Midýanlar olara ýedi ýyllap azar berýär. Olaryň mallaryny we zatlaryny elinden alýar. Ysraýyllar olardan gaçyp, daglarda we gowaklarda ýaşaýar. Olar: «Ýehowa, bizi halas et» diýip ýalbarýar. Ýehowa bir ýaş ýigidiň ýanyna perişdesini iberýär. Onuň ady Gedeýon. Perişde oňa: «Ýehowa halkyny halas etmek üçin seni saýlady» diýýär. Gedeýon bolsa: «Men nädip halas edeýin?! Men hiç zat başarmaýaryn» diýýär.

Gedeýon özüni Ýehowanyň saýlandygyny bilesi gelýärdi. Munuň üçin Gedeýon biraz ýüň alyp, ýere ýazýar. Soň Ýehowa: «Ertire çenli ýüňöl bolsun. Ýer hem gury bolsun. Şonda meni saýlandygyňa düşünerin» diýýär. Gedeýon ir bilen turup görse, ýüň öl myžžyk bolupdyr. Ýer bolsa gurydy. Ol Ýehowadan ýene bir zat etmegi haýyş edýär. Gedeýon: «Indi bolsa ýüň gury, ýer öl bolsun» diýýär. Ertesi irden Gedeýonyň aýdyşy ýaly bolýar. Şondan soň Gedeýon Ýehowanyň saýlandygyna düşünýär. Ol midýanlar bilen söweşmek üçin köp adam ýygnaýar.

Ýehowa Gedeýona: «Siz midýanlary ýeňersiňiz. Ýöne özümiz ýeňdik diýmez ýaly, esgerleriňi azalt. Kim gorkýan bolsa, öýüne gaýtsyn» diýýär. Şeýdip, 22 000 esger öýüne gaýdýar, 10 000 esger bolsa galýar. Ýehowa Gedeýona: «Esgerleriňi ýene azalt. Olary çeşmäniň ýanyna elt, suw içsinler. Kim daş-töweregine seredip suw içse, şolary alyp gal» diýýär. Şeýdip, Gedeýon 300 adamy alyp galýar. Midýanlaryň 135 000 esgeri bardy. Ýehowa Gedeýona: «Siz 300 adam bilen midýanlary ýeňersiňiz» diýýär.

Şol gün agşam Ýehowa Gedeýona: «Midýanlaryň üstüne çoz» diýýär. Gedeýon esgerlerine surnaý we küýze berýär. Küýzäniň içinde otly taýak bardy. Ol: «Men näme etsem, şony ediň» diýýär. Gedeýon surnaý çalyp, küýzesini döwýär. Soňra küýzäniň içindäki otly taýagy ýokary galdyryp: «Ýehowa üçin! Gedeýon üçin!» diýip gygyrýar. Gedeýonyň esgerleri hem şeýle edýär. Midýanlar örän gorkýar, hersi her tarapa gaçýar. Olar aljyrap, biri-birini öldürýär. Şeýdip, Ýehowa ysraýyllara kömek edýär. Olar duşmanlaryny ýeňýär.

«Biz gullugymyzy öz güýjümiz bilen däl-de, Hudaýyň güýji bilen edýäris» (2 Korinfliler 4:7).