Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

35-NJI SAPAK

Hanna Hudaýdan ogul dileýär

Hanna Hudaýdan ogul dileýär

Ysraýylda Alkana atly adam ýaşaýardy. Onuň iki aýaly bardy. Biriniň ady Hanna, beýlekisiniň ady Peninna. Ýöne Alkana Hannany has gowy görýärdi. Peninnanyň çagasy köpdi. Hannanyň bolsa çagasy bolmaýardy. Şonuň üçinem Peninna Hannany kemsidip, içini ýakýardy. Alkana maşgalasy bilen her ýyl Şilo gidýärdi. Olar şol ýerdäki çadyrda Hudaýa sežde edýärdi. Bir gezek Şilo gidenlerinde Alkana Hannanyň aglap oturanyny görýär. Ol: «Hanna, goý, aglama! Çagamyz bolmasa-da, ýanyňda men baryn. Men seni gowy görýärin» diýýär.

Soňra Hanna çadyrda Ýehowa doga edýär. Ol Hudaýdan ogul dileýär. Hanna: «Ýehowa, eger ogul berseň, men ony saňa bererin. Ol bütin ömrüne saňa gulluk eder» diýýär.

Hanna aglap içinden doga edýärdi. Onuň diňe agzy gymyldaýardy. Şonuň üçin Aly ruhany Hanna içgilidir öýdýär. Hanna: «Wah, atam, men içgili däl. Meniň gaýgy-aladam bar. Men Ýehowa ýüregimi dökýärin» diýýär. Şondan soň Aly özüniň ýalňyşandygyna düşünýär. Ol Hanna: «Goý, Ýehowa seniň dilegiňi eşitsin» diýýär. Hanna köşeşip, öýüne gaýdýar. Şondan bir ýyl geçmänkä, Hannanyň ogly bolýar. Oglunyň adyna Şamuwel dakýar. Hanna çagasynyň bolandygyna örän begenýär.

Hanna Ýehowa beren sözünde durýar. Şamuwel ulalyp, süýtden aýrylýar. Hanna ogluny Ýehowa gulluk etmek üçin çadyra getirýär. Ol Aly ruhana: «Ýehowa dilegimi eşitdi. Maňa ogul berdi. Ol bütin ömrüne çadyrda Ýehowa gulluk eder» diýýär. Alkana bilen Hanna her ýyl ogluny görmäge gelýärdi. Olar her gezek ogluna täze don getirýärdi. Ýehowa Hanna ýene çaga berdi. Onuň üç ogly we iki gyzy boldy.

«Gaýta-gaýta diläň, size berler, hemişe agtaryň, taparsyňyz» (Matta 7:7).