Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

36-NJY SAPAK

Ýeftah söz berýär

Ýeftah söz berýär

Ysraýyllar ýene Ýehowa gulak asmadylar. Olar butlara sežde edip başladylar. Bir gezek ammonlar ysraýyllaryň üstüne çozdy. Şonda butlar ysraýyllara kömek edip bilmedi. Ammonlar köp ýyllap ysraýyllara azar berdi. Ysraýyllaryň ýagdaýy erbetdi. Şonuň üçin olar Ýehowa: «Biz günä etdik. Bizi duşmanlarymyzdan halas et» diýip ýalbardylar. Ysraýyllar butlaryny döwüp ýok etdiler. Soňra ýene Ýehowa sežde edip başladylar. Ýehowa hem ysraýyllara kömek etmek isledi.

Ýehowa Ýeftah atly bir adamy saýlady. Ol güýçli we ökde esgerdi. Ýeftah ammonlar bilen söweşmelidi. Ol Ýehowa şeýle diýýär: «Duşmanlarymy ýeňmäge kömek et. Öýüme gelenimde öňümden kim birinji çyksa, ony saňa bererin. Ol seniň öýüňde gulluk eder. Saňa söz berýärin». Ýehowa Ýeftahyň dilegine jogap berdi. Oňa ammonlary ýeňmäge kömek etdi.

Söweş gutaransoň, Ýeftah öýüne geldi. Onuň öňünden gyzy çykdy. Ýeftahyň başga çagasy ýokdy. Gyzy tans edip, deprek kakyp kakasyny garşy aldy. Şonda Ýeftahyň Ýehowa beren sözi ýadyna düşdi. Ol: «Wah, gyzym! Sen ýüregimi para-para etdiň. Sen indi Şilodaky çadyrda gulluk etmeli bolarsyň. Men Ýehowa söz berdim» diýdi. Gyzy: «Kakam jan, Ýehowa söz beren bolsaň, sözüňde-de durmaly bolarsyň. Ýöne gitmänkäm, joralarym bilen iki aý dagda bolaýyn» diýdi. Şeýdip, Ýeftahyň gyzy çadyrda bütin ömrüne Ýehowa gulluk etdi. Her ýyl joralary ony görmäge Şilo barýardy.

«Kim ogluny ýa gyzyny menden has gowy görse, şägirdim bolmaga mynasyp däldir» (Matta 10:37).