Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

40-NJY SAPAK

Dawut bilen Jalut

Dawut bilen Jalut

Ýehowa Şamuwele: «Ýesse atly adamyň öýüne git. Onuň ogullarynyň biri Ysraýylyň täze patyşasy bolar» diýýär. Şamuwel Ýessäniň öýüne barýar. Onuň uly ogluny görende: «Ýehowa şuny saýlandyr» diýip pikir edýär. Ýöne Ýehowa: «Men ony saýlamadym. Adam daş keşbe seredýär. Men ýürege seredýärin» diýýär.

Ýesse Şamuweliň ýanyna alty ogluny getirýär. Ýöne Şamuwel: «Ýehowa olary saýlamady. Başga-da ogluň barmy?» diýýär. Ýesse: «Hawa, kiçi oglum bar. Ol goýun bakyp ýör» diýýär. Dawut öýüne gelende, Ýehowa Şamuwele: «Ine, meniň saýlanym» diýýär. Şamuwel Dawudyň kellesine ýag guýýar. Ony Ysraýylyň täze patyşasy belleýär.

Biraz wagtdan soň ysraýyllar piliştliler bilen söweşmäge çykýarlar. Piliştlileriň güýçli pälwany bardy. Onuň ady Jalutdy. Jalut her gün ysraýyllaryň üstünden gülýärdi, kemsidýärdi. Ol: «Kimiň özüne göwni ýetýän bolsa orta çyksyn, meniň bilen söweşsin. Meni ýeňse, siziň guluňyz bolarys. Eger men ony ýeňsem, siz biziň gulumyz bolarsyňyz» diýýär.

Dawut söweş bolýan ýere gelýär. Onuň doganlary söweşe gatnaşýardy. Dawut olara iýmit getiripdi. Ol Jalutyň aýdan zatlaryny eşidýär. Dawut: «Men onuň bilen söweşerin» diýýär. Şawul patyşa: «Sen entek ýaş, söweşip bilmersiň» diýýär. Dawut: «Ýehowa maňa kömek eder» diýýär.

Şawul Dawuda ýaraglaryny berýär. Ýöne Dawut: «Men bulary dakynyp söweşip bilmerin» diýýär. Soň ol sapanyny alyp, çeşmäniň boýuna gidýär. Ol ýerde bäş sany ýylmanak daş saýlap, torbasyna salýar. Soňra Jaluta tarap ýöreýär. Jalutyň oňa göwni ýetmeýär. Ol: «Gel hany, men seni öldüreýin. Guşlaryň, ýyrtyjy haýwanlaryň öňüne zyňaýyn» diýip gygyrýar. Dawut ondan gorkmady. Ol Jaluta şeýle diýip gygyrdy: «Sen meniň üstüme gylyçly, naýzaly topulýarsyň. Ýöne men Ýehowanyň ady bilen barýaryn. Sen bize däl, Hudaýa garşy söweşýärsiň. Şu ýerdäkileriň hemmesi Ýehowanyň gylyçsyz, naýzasyz halas edişini görer. Ol sizi elimize berer».

Dawut daşlary sapanyna salyp, aýlap zyňýar. Ýehowanyň kömegi bilen daş göni Jalutyň maňlaýyna degýär. Jalut şol bada ýere ýykylýar. Piliştliler onuň ölenini görüp gaçýarlar. Dawut ýaly senem Ýehowanyň kömek etjekdigine ynanýarsyňmy?

«Adamlar muny başarmaz, ýöne Hudaý ähli zady başarýar» (Markus 10:27).