Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

42-NJI SAPAK

Ýonatan batyrgaý hem wepaly

Ýonatan batyrgaý hem wepaly

Şawulyň uly oglunyň ady Ýonatan. Ol batyr esger. Dawut oňa: «Bürgütden çalasyn, ýolbarsdan güýçli» diýýär. Bir gün Ýonatan 20 piliştliniň depede oturanyny görýär. Ol ýarag göterýänine: «Piliştliler gel diýse, olara hüjüm ederis. Ýehowa olary elimize berjek bolýandyr» diýýär. Piliştliler: «Hany, geliň, söweşeliň!» diýip gygyrýar. Ýonatan bilen nökeri depä çykyp, esgerleri gyrýar.

Ýonatan Şawulyň iň uly ogludy. Kakasyndan soň ol patyşa bolmalydy. Emma Ýehowa Dawudy Ysraýyla patyşa edip saýlapdy. Ýonatan hem muny bilýärdi. Ol Dawuda göriplik etmeýär. Ýonatan bilen Dawut jana-jan dost bolýar. Olar biri-birine kömek etmegi we goramagy söz berýär. Soňra Ýonatan oňa donuny, gylyjyny, ýaýyny we guşagyny berýär.

Dawut Şawuldan gaçyp ýördi. Bir gezek Ýonatan onuň ýanyna barýar. Ol Dawuda: «Gorkma, mert bol! Ýehowa seni patyşa belledi. Muny kakam hem bilýär» diýýär. Senem Ýonatan ýaly dostuň bolmagyny isleýärmiň?

Ýonatan dosty üçin ölmäge-de taýyndy. Ol Dawudy birnäçe gezek gorady. Ýonatan kakasynyň Dawudy öldürjek bolýanyny bilýärdi. Şonuň üçin: «Kaka, Dawut saňa hiç hili ýamanlyk etmedi. Ony öldürseň günä edersiň» diýýär. Şawulyň Ýonatana gahary gelýär. Birnäçe ýyldan soň, Şawul bilen Ýonatan söweşde ölýär.

Ýonatan ölensoň, Dawut Mepiboşeti gözläp tapýar. Mepiboşet Ýonatanyň ogludy. Mepiboşeti köşge getirýärler. Dawut oňa: «Men kakaň bilen jana-jan dostdum. Şonuň üçin men seniň galan ömrüňe aladaňy etjek. Sen köşgümde ýaşarsyň, saçagymdan iýip içersiň» diýýär. Dawut dosty Ýonatany hiç haçan ýadyndan çykarmady.

«Meniň sizi söýşüm ýaly, siz hem bir-biriňizi söýüň. Dostlary üçin janyny gurban edýän adamyň söýgüsinden güýçli söýgi ýokdur» (Ýahýa 15:12, 13).