Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

45-NJI SAPAK

Patyşalyk ikä bölünýär

Patyşalyk ikä bölünýär

Süleýman Ýehowa gulak asyp, Oňa sežde edýärdi. Halk hem parahat ýaşaýardy. Ýöne Süleýman köp aýala öýlendi. Olar başga milletdendi we butlara sežde edýärdiler. Ýuwaş-ýuwaşdan Süleýman hem buta sežde edip başlady. Ýehowanyň oňa gahary gelip: «Patyşalygy eliňden alaryn. Ol ikä bölüner. Patyşalygyň köp bölegini hyzmatkäriňe bererin, azajyk bölegini bolsa ogluňa bererin» diýdi.

Patyşalygyň ikä bölünjegini Ýehowanyň pygamberi hem aýtdy. Süleýmanyň Ýerobgam atly hyzmatkäri bardy. Bir gün ol ýolda Ahyýar pygambere duşýar. Ahyýar donuny çykaryp, 12 bölege bölýär. Soňra Ýerobgama: «Ýehowa Süleýmanyň elinden patyşalygy alyp, ony ikä böler. Donuň on bölegini özüňe al, sebäbi sen on taýpanyň patyşasy bolarsyň» diýýär. Süleýman muny eşidip gaharlanýar. Ol Ýerobgamy öldürjek bolýar. Şonuň üçin Ýerobgam Müsüre gaçyp gidýär. Wagtyň geçmegi bilen Süleýman aradan çykýar. Onuň ýerine ogly patyşa bolýar. Onuň ady Rehobam. Şondan soň Ýerobgam: «Indi meni hiç kim öldürmez» diýip, Ysraýyla gelýär.

Ysraýyldaky ýaşulular Rehobamyň ýanyna gelip: «Eger halka ýagşylyk etseň, olar seni gowy görer» diýdiler. Ýöne dostlary: «Sen halky berk tutmaly, olary öňküdenem beter işletmeli» diýip maslahat berdiler. Rehobam dostlaryny diňläp, halky kösedi. Halk hem çydaman oňa garşy çykdy. Olar Ýerobgamy on taýpanyň patyşasy edip bellediler. On taýpa Ysraýyl patyşalygy diýilýär. Galan iki taýpa bolsa Ýahuda patyşalygy diýilýär. Ýahuda patyşalygy Rehobama gulak asdy. Şeýdip, 12 taýpa ikä bölünýär.

Ýerobgam ysraýyl halkyny Iýerusalime ibermek islemeýärdi. Halk Rehobamyň tarapyna geçer öýdüp gorkýardy. Şonuň üçin Ýerobgam iki sany altyn göle ýasaýar. Ol halka: «Iýerusalim gaty uzakda, şu ýerde sežde ediberiň» diýýär. Şeýdip, adamlar altyn gölä sežde edip başladylar. Ysraýyl halky ýene-de Ýehowadan daşlaşdy.

«Imansyzlar bilen bir boýuntyryga girmäň. Eýsem dogruçyllyk bilen kanunsyzlygyň nähili baglanyşygy bar? ...Ýa-da imanly bilen imansyzyň näme meňzeşligi bar?» (2 Korinfliler 6:14, 15).