Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

49-NJY SAPAK

Şa aýaly öldürilýär

Şa aýaly öldürilýär

Ahabyň Ýizregel şäherinde köşgi bardy. Bir gün ol köşgüniň penjiresinden seredip durdy. Şonda ol Nabotyň üzümligini görýär. Ahabyň üzümligi alasy gelýärdi. Şonuň üçin Nabota: «Ony maňa sataý» diýýär. Ýöne Nabot ony satmaýar. Ol Ýehowanyň kanunyny bozmak islemeýärdi. Ýehowa miras berlen ýeri satmaň diýipdi. Ýöne Ahap näme etdi? Üzümligi alyp bilmändigi üçin onuň Nabota gahary geldi. Ol gynanyp, hiç zat iýmedi. Otagyndan hem çykmady.

Ahabyň aýaly Izabel erbetdi. Ol: «Ahap, sen Ysraýylyň patyşasy, islän zadyňy alyp bilýärsiň. Men saňa şol ýeri alyp bererin» diýýär. Soňra Izabel şäheriň ýaşulularyna hat ýazýar. Hatynda: «Nabot Hudaýa dil ýetirdi diýip töhmet atyň. Soň ony daşlap öldüriň» diýýär. Ýaşulular Izabeliň aýdyşy ýaly etdiler. Soňra Izabel Ahaba: «Nabot öldi, indi üzümçilik seniňki» diýýär.

Izabel diňe Naboty däl, başga-da köp gowy adamlary öldürdi. Onuň öldüren adamlary Ýehowany gowy görýärdi. Izabel butlara sežde edýärdi we erbet işleri edýärdi. Ýehowa onuň edýän işlerini görüp durdy. Ýehowa oňa nähili temmi berer?

Ahap ölensoň, ogly patyşa bolýar. Onuň ady Ýehoram. Ýehowa Izabeli we onuň maşgalasyny ýok etjek bolýar. Şonuň üçin hem Ýehuwy olaryň ýanyna iberýär.

Ýehuw arabasyna münüp, Ýizregele gidýär. Ol ýerde Izabel ýaşaýardy. Ýehoram hem arabasyna münüp Ýehuwyň öňünden çykýar. Ol Ýehuwa: «Gowuçylykmy?» diýýär. Ýehuw: «Ejeň erbet işleri edip ýörkä, gowuçylyk bolarmy» diýýär. Ýehoram yzyna öwrülip, gaçyp gitjek bolýar. Ýehuw ýaýyny çykaryp, ony atyp öldürýär.

Soňra Ýehuw Izabeliň köşgüne gidýär. Izabel onuň gelýänini eşidýär. Ol boýanyp, saçyny daraýar. Penjireden seredip, garaşyp durýar. Ýehuw derwezeden girýär. Izabel onuň bilen gödek gepleşýär. Ýehuw Izabeliň hyzmatkärlerine: «Ony aşak zyňyň!» diýip gygyrýar. Olar Izabeli aşak zyňýar, ol hem ölýär.

Şondan soň Ýehuw Ahabyň 70 ogluny öldürýär. Ýurtdaky Bagal butlaryny aýyrýar. Sen Ýehowanyň ähli zady görýändigini bilýäňmi? Wagty gelende erbet iş edýän adamlary ýok etjekdigine ynanýaňmy?

«Açgözlük bilen toplanan baýlyk bereketli bolmaz» (Nakyllar 20:21).