Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

52-NJI SAPAK

Ýehowanyň goşuny

Ýehowanyň goşuny

Siriýanyň patyşasy Benhadat Ysraýyla birnäçe gezek çozýar. Alyşa pygamber her gezek onuň nirä çozjagyny Ysraýyl patyşasyna habar berýärdi. Patyşa hem şol ýere barmaýardy. Şonuň üçin Benhadatyň gahary gelýär. Ol Alyşany tutjak bolýar. Benhadat Alyşa pygamberiň Dotan şäherine barandygyny eşidýär. Ol goşunyny şol ýere iberýär.

Siriýa goşuny gije Dotan şäherine gelýär. Alyşanyň hyzmatkäri ir bilen turup, daşaryk çykýar. Görse, şäheriň daşynda uly goşun durdy. Ol gorkup: «Alyşa, indi näme ederis?» diýýär. Alyşa-da: «Gorkma, biziňkiler olardan has köp» diýýär. Şol wagt hyzmatkär daglaryň depesinde köp atlary we söweş arabalary görýär. Olar ot ýaly ýanyp durdy. Olary hyzmatkäre Ýehowa görkezdi.

Siriýa goşuny Alyşany tutmaga gelýär. Alyşa: «Ýehowa, olary kör et» diýip dileg edýär. Esgerleriň gözi görýärdi. Ýöne olar nirä gelendigine düşünmeýärdiler. Alyşa esgerlere: «Siz başga şähere geldiňiz. Gözleýän adamyňyz bärde ýok. Ýörüň, men sizi onuň ýanyna äkideýin» diýdi. Olar Alyşanyň yzyna düşüp gitdiler. Alyşa esgerleri Samariýa äkitdi. Ysraýyl patyşasy şol ýerde ýaşaýardy.

Siriýaly esgerler nirä gelendigine soň düşündiler. Ysraýylyň patyşasy Alyşa pygambere: «Olary öldüreýinmi?» diýýär. Alyşa olardan ar aldymy? Ýok. Ol patyşa: «Esgerleri öldürme, gaýtam iýip içir. Soňra öýüne goýber» diýdi. Şeýdip, patyşa olara saçak ýazdy, iýip-içirip öýüne goýberdi.

«Biz Hudaýa arkaýyn ýüzlenip bilýäris, sebäbi islegine görä näme dilesek, ol hökman eşider» (1 Ýahýa 5:14).