Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

59-NJY SAPAK

Ýehowa gulak asan ýigitler

Ýehowa gulak asan ýigitler

Nawuhodonosor patyşa Ýahudanyň ýaş ýigitlerini Wawilona äkidýär. Şol ýigitler patyşalaryň, han-begleriň çagalary we agtyklary. Patyşa baş wezirine olara seretmegi tabşyrýar. Onuň ady Aşpenaz. Aşpenaz ukyply we sagdyn ýigitleri saýlamalydy. Ýigitler üç ýyl bilim almalydy. Üç ýyldan soň, olar Wawilon patyşasyna gulluk etmelidi. Ýigitler wawilon dilinde ýazyp, okap we gepläp bilmelidi. Olar sagdyn bolar ýaly patyşa berilýän nahardan iýmelidi. Şol ýigitleriň arasynda Danyýar, Hananýa, Mişaýyl we Azarýa bardy. Aşpenaz olara wawilon atlaryny goýdy. Danyýara Belteşazar, Hananýa Sedrah, Mişaýyla Meşah we Azarýa Abdynag diýip at dakdy. Olar Wawilonyň bilimini alyp Ýehowany ýatdan çykardymy?

Ýigitler nähili ýagdaý bolsa-da, Ýehowa gulak asmak isleýärdi. Ýehowa käbir haýwanlary haram hasaplaýardy. Şonuň üçin ysraýyllar olaryň etini iýmeli däldi. Patyşanyň saçagynda Ýehowanyň halamaýan naharlary bardy. Ysraýylly dört ýigidem şol naharlardan iýmeli däldigini bilýärdi. Olar Aşpenaza: «Bize şu naharlary berme» diýip haýyş etdi. Aşpenaz hem: «Şu zatlary iýmeseňiz, ejiz görünersiňiz. Patyşa-da meni öldürer» diýdi.

Şonda Danyýaryň kellesine gowy pikir geldi. Ol gözegçä: «Bize on günläp gök-önüm we suw beriň. Soňam patyşanyň saçagyndan iýip-içýän oglanlar bilen deňeşdirip görüň» diýdi. Gözegçi hem: «Bolýar» diýdi.

Şeýdip, ýigitler on günläp gök-önüm iýdiler. On günden soň, Danyýar bilen dostlary beýleki ýigitlerden sagdyn görünýärdi. Ýigitler Ýehowa gulak asyp, ony begendirdiler. Ýehowa Danyýara akyl-paýhas berdi. Ol görnüşlere we düýşlere düşünip bilýärdi.

Üç ýyldan soň, Aşpenaz oglanlary patyşanyň ýanyna getirdi. Nawuhodonosor hem olar bilen gepleşip gördi. Danyýar, Hananýa, Mişaýyl we Azarýa beýleki ýigitlerden tapawutlanýardy. Olar akylly we düşünjelidi. Şonuň üçin olar patyşa gulluk etmäge saýlandy. Patyşa ýigitlerden kyn meselelerde maslahat soraýardy. Olar köşkdäki akyldarlardan we jadygöýlerden has ökdedi. Olara akyldarlygy Ýehowa berýärdi.

Danyýar, Hananýa, Mişaýyl we Azarýa başga ýurtda ýaşaýardy. Olaryň ýanynda ene-atasy ýokdy. Ýöne olar şonda-da Ýehowany ýadyndan çykarmady. Senem nirede bolsaň-da, Ýehowa gulak asarmyň? Ene-ataň ýanyňda bolmasa-da, Ýehowany begendirermiň?

«Hiç kim seni ýaşdygyň üçin äsgermezlik etmesin. Gepleýşiň, özüňi alyp barşyň, söýgiň, imanyň we ahlak taýdan arassalygyň bilen wepaly adamlara görelde bol» (1 Timoteos 4:12).