Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

61-NJI SAPAK

Olar baş egmedi

Olar baş egmedi

Nawuhodonosoryň düýş görenine biraz wagt geçdi. Ol altyndan uly heýkel ýasatdy. Ony Deýra düzlüginde goýdy. Ol ýere atly-abraýly adamlary çagyrdy. Olaryň arasynda Sedrah, Meşah we Abdynag bardy. Patyşa gelen adamlara: «Häzir surnaý, tüýdük we arfa çalnar. Şonda hemmäňiz heýkeliň öňünde baş egiň. Kim baş egmese, ýanyp duran peje taşlaryn» diýdi. Üç ýewreý ýigit baş egermi? Ýa-da Ýehowa gulak asarmy?

Patyşanyň buýrugy bilen saz çalyndy. Hemmeler heýkele sežde etdiler. Ýöne Sedrah, Meşah we Abdynag oňa baş egmedi. Şol ýerde duran adamlar olaryň baş egmeýändigini gördi. Käbirleri patyşa: «Üç ýewreý ýigit baş egenok» diýip ýamanlady. Patyşa olary ýanyna çagyryp: «Size ýene bir mümkinçilik berýärin. Heýkele sežde etseňiz ölmersiňiz. Sežde etmeseňiz, ýanyp duran peje oklaryn. Sizi hiç bir taňry halas edip bilmez» diýdi. Olar: «Patyşahym, biz diňe Hudaýymyza sežde edýäris. Ol bizi halas eder. Eger halas etmese-de, heýkeliň öňünde baş egmeris» diýdiler.

Nawuhodonosor gahardan ýaňa ýarylaýjak boldy. Ol: «Pejiň oduny ýedi esse güýçlendiriň» diýdi. Soňra esgerlere: «Ýigitleriň el-aýagyny daňyň. Ýanyp duran peje oklaň» diýdi. Pejiň ody gaty güýçlüdi. Üç ýewreý ýigidi peje okladylar. Olary peje oklan esgerler şol bada öldi. Nawuhodonosor pejiň içine seredende, dört adamyň gezip ýörendigini görýär. Ol gorkup: «Biz peje üç adam oklapdyk, ýöne dört adam görýärin. Olaryň biri perişdä meňzeýär» diýdi.

Nawuhodonosor pejiň ýanyna baryp: «Hak Allanyň gullary, çykyň!» diýdi. Sedrah, Meşah we Abdynag oduň içinden çykdy. Olaryň hiç ýeri, saçy hem, eşikleri hem ýanmady. Hatda üstünden oduň ysy-da gelmedi. Olary gören adamlar haýran galdy.

Nawuhodonosor: «Sedrahyň, Meşahyň we Abdynagyň Hudaýy beýikdir. Ol perişdesini iberip, ýigitleri halas etdi. Olaryň Hudaýy ýaly hudaý ýokdur» diýdi.

Senem üç ýewreý ýigit ýaly Ýehowa gulak asarmyň? Kyn ýagdaýda berk durarmyň?

«Ýehowa Hudaýyňa sežde etmeli, diňe oňa gulluk etmeli» (Matta 4:10).