Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

63-NJI SAPAK

Diwara ýazylan hat

Diwara ýazylan hat

Belşazar Wawilonyň patyşasy bellenýär. Bir gün agşam ol oturyşyk gurnaýar. Oňa müňlerçe atly-abraýly adamlary çagyrýar. Ol hyzmatkärlerine altyn käseleri getirdýär. Kakasy Nawuhodonosor ony Ýehowanyň ybadathanasyndan alyp gaýdypdy. Belşazar bilen myhmanlar altyn käselerde şerap içýärler. Olar taňrylaryny öwüp arşa çykarýarlar. Birdenem adamyň eli peýda bolýar. Ol diwara düşnüksiz sözleri ýazyp başlaýar.

Belşazar örän gorkýar, el-aýagy sandyraýar. Ol derrew ýanyna palçylary çagyryp: «Kim şu diwardaky ýazgyny düşündirip berse, ony Wawilonda üçünji adam edip bellärin» diýýär. Ýöne hiç kim düşündirip bilmeýär. Patyşanyň aýdanlaryny şa aýaly hem eşidýär. Ol: «Danyýar atly bir adam bar. Ol Nawuhodonosora köp zatlary düşündirýärdi. Ol şu ýazgynyň manysyny hem düşündirip biler» diýýär.

Danyýar Belşazar patyşanyň ýanyna gelýär. Patyşa: «Şu ýazgyny düşündirip berseň, boýnuňa altyn zynjyr dakaryn. Wawilonda üçünji adam ederin» diýýär. Danyýar şeýle diýdi: «Maňa seniň sowgadyň gerek däl. Ýöne haty okap, düşündirip bereýin. Kakaň Nawuhodonosor tekepbirlik etdi. Ýehowa-da patyşalygy elinden aldy. Sen şu zatlary bilseňem, Ýehowa hormat goýmadyň. Ýehowanyň ybadathanasynda durýan altyn käselerde şerap içdiň. Şonuň üçin hem Hudaý „Mene, mene, tekel we parsin“ diýen sözleri ýazdyrdy. Onuň manysy şeýle: midiýalylar bilen parslar Wawilony basyp alar. Senem indi patyşa bolmarsyň».

Wawilon şäheriniň diwarlary örän berkdi. Onuň daşyndaky derýa hem çuňdy. Ýöne şol gün agşam midiýalylar bilen parslar Wawilona çozýar. Pars patyşasy Kir derýany başga tarapa akdyrýar. Şeýdip, esgerler şäheriň derwezesinden girýär. Şol gün şäheriň derwezeleri açykdy. Olar şäheri basyp alyp, patyşany öldürýär. Şeýlelikde, Kir Wawilonyň patyşasy bolýar.

Kiriň patyşa bolanyna bir ýyl bolup gelýärdi. Ol şeýle kanun çykarýar: «Ýehowa maňa Iýerusalimdäki ybadathanany täzeden gurmagy tabşyrdy. Kimiň kömek edesi gelse, gidip biler». Şeýdip, ýehudylaryň köpüsi Iýerusalime gidýär. Iýerusalimde 70 ýyllap hiç kim ýaşamandy. Ýehowa 70 ýyldan soň halkynyň şol ýere barjakdygyny aýdypdy. Kir patyşa olara altyn-kümüş käseleri we gap-çanaklary berip goýberýär. Nawuhodonosor patyşa olary ybadathanadan alyp gaýdypdy. Ýehowa Kir patyşanyň üsti bilen halkyna kömek etdi.

«Weýran boldy! Beýik Wawilon weýran boldy! Ol jynlaryň mekany boldy» (Ylham 18:2).