Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

66-NJY SAPAK

Hydyr Kanuny öwredýär

Hydyr Kanuny öwredýär

Ysraýyllaryň köpüsi Iýerusalime geldi. Şondan bäri 70 ýyla golaý wagt geçdi. Ýöne entek Iýerusalime gaýtmadyklar hem bardy. Olar Pars patyşalygynyň dürli ýerlerinde ýaşaýardy. Şolaryň biri Hydyr ruhany. Ol adamlara Hudaýyň Kanunyny öwredýärdi. Iýerusalimde ýaşaýan adamlar Hudaýa gulak asmaýardy. Hydyr hem muny eşidýär. Şonuň üçin Iýerusalime gidip, olara kömek edesi gelýär. Pars patyşasy Ardaşir Hydyra: «Hudaý saňa akyldarlyk berdi. Şonuň üçinem Kanuny öwredýärsiň. Bar, Iýerusalime git. Kim gitmek islese, olaram alyp git» diýýär. Şeýdip, Hydyr Iýerusalime gitmek isleýän adamlar bilen gepleşýär. Ýol uzak bolansoň, sag-aman barar ýaly Ýehowadan kömek soraýarlar. Şondan soň olar ýola düşýärler.

Dört aýdan soň, olar Iýerusalime geldiler. Şol ýerdäki baştutanlar Hydyra: «Ysraýyl halky Ýehowa gulak asmaýar. Olar buta sežde edýän aýallara öýlendi» diýdi. Hydyr halkyň öňünde dyza çöküp, Ýehowa doga etdi. Ol: «Ýehowa, bize köp ýagşylyk etdiň. Ýöne biz saňa gulak asmadyk, seni gynandyrdyk» diýdi. Şonda adamlar ökündiler. Ýöne erbet işlerini goýmadylar. Hydyr adamlaryň düzelmegini isleýärdi. Olara kömek eder ýaly ýaşululary we kazylary belledi. Üç aýdan soň, ysraýyllar Ýehowa sežde etmedik adamlary ýurduna iberdiler.

Şondan soň 12 ýyl geçdi. Adamlar Iýerusalim şäheriniň diwarlaryny täzeden gurdular. Hydyr Hudaýyň Kanunyny okap bermek üçin halky bir ýere ýygnady. Kitaby açan badyna, halk ýerinden turdy. Hydyr Ýehowa alkyş aýtdy. Adamlaryň ählisi ellerini göge galdyrdy. Şeýdip, olar Hydyr bilen razylaşýandygyny görkezdi. Hydyr Kanuny okap düşündirdi. Adamlar hem ünsli diňledi. Halk ýene Ýehowa gulak asmandygyna düşündi. Olar gynanyp aglady. Ertesi gün Hydyr ýene halka Kanuny okap berdi. Ýöne bu gezek düýnkiden has köp okady. Şonda olar Çatma baýramyny bellemelidigine düşündiler. Olar şol günden baýramçylyga taýýarlanyp başladylar.

Ysraýyl halky ýedi günläp baýramçylyk belledi. Olar şatlanyp aýdym aýtdylar we tans etdiler. Köp hasyl alandygy üçin Ýehowa sag bolsun aýtdylar. Baýramçylyk gyzykly boldy. Şeýle uly baýramçylyk Ýuşanyň ýaşan döwründe bolupdy. Baýramçylykdan soň adamlar bir ýere üýşdüler. Olar şeýle doga etdiler: «Ýehowa, sen bizi halas etdiň. Indi biz gul däl. Çölde bizi iýdirdiň, içirdiň we geýdirdiň. Bizi şu owadan ýurtda ýaşadýarsyň. Ýöne biz seni gaýta-gaýta gynandyrdyk. Bizi düzetmek üçin pygamberleriňi iberdiň, olary hem diňlemedik. Ýöne şonda-da bizi taşlamadyň. Ybraýyma beren sözüňde durduň. Indi bizem saňa gulak asarys». Şeýdip, olar Hudaýa beren sözüni ýazdylar. Han-begler, lewiler we ruhanylar oňa möhür basdylar.

«Hudaýyň sözüni eşidip, berjaý edýänler bagtly!» (Luka 11:28).