Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

69-NJY SAPAK

Merýemiň ýanyna perişde gelýär

Merýemiň ýanyna perişde gelýär

Merýem Elizabetiň garyndaşydy. Ol ýaş gyzdy. Merýem Jeliläniň Nazaret şäherinde ýaşaýardy. Ýusup Merýemi gowy görýärdi. Oňa öýlenmek isleýärdi. Ol agaç ussasydy. Bir gezek Jebraýyl perişde Merýemiň ýanyna gelýär. Şonda Elizabetiň göwreli bolanyna alty aý bolupdy. Ol Merýeme: «Salam Merýem! Hudaý saňa ýagşylyk etdi» diýýär. Merýem perişdäniň aýdan zatlaryna düşünmeýär. Perişde: «Sen göwreli bolup, ogul dograrsyň. Adyna Isa dakarsyň. Ol patyşa bolar. Onuň patyşalygyny hiç kim ýok edip bilmez» diýýär.

Merýem: «Men entek durmuşa çykmadym. Nädip çagam bolsun?» diýýär. Jebraýyl: «Ýehowa hemme zat edip bilýär. Garyndaşyň Elizabetiň basym çagasy bolar. Saňa Ýehowanyň mukaddes ruhy iner. Senem ogul dograrsyň» diýýär. Şonda Merýem: «Men Hudaýyň gyrnagy. Ýehowa näme diýse, şol hem bolsun» diýýär.

Merýem Elizabeti görmäge barýar. Ol Elizabet bilen salamlaşanda, onuň çagajygy gymyldaýar. Şonda Hudaý Elizabete şeýle sözleri aýtdyrýar: «Merýem, Ýehowa saňa ýagşylyk etdi. Sen bagtly aýal. Gelejekki patyşamyň ejesi öýüme geldi. Sen-ä meni begendirdiň». Merýem: «Men Ýehowa ýürekden minnetdar!» diýýär. Merýem üç aýlap Elizabetlerde bolýar. Soňra Nazarete, öýüne gaýdýar.

Ýusup Merýemiň göwrelidigini bilýär. Şonuň üçin oňa öýlenesi gelmeýär. Ýöne bir gün düýşünde perişdäni görýär. Perişde: «Gorkma, Merýeme öýlen. Ol erbet iş etmedi» diýýär. Şondan soň Ýusup Merýeme öýlenýär. Ony öýüne alyp gaýdýar.

«Gökde hem ýerde... Ýehowanyň islegi amala aşýar» (Zebur 135:6).