Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

75-NJI SAPAK

Şeýtan Isany synady

Şeýtan Isany synady

Isa suwa çümdürilensoň çöle gitdi. Mukaddes ruh oňa ýol görkezipdi. Ol 40 gün hiç zat iýmedi. Isa gaty ajykdy. Şeýtan hem ony synamaga geldi. Ol Isa: «Eger sen Hudaýyň ogly bolsaň, şu daşlary çörege öwür» diýdi. Isa oňa mukaddes kitaplardaky sözleri aýtdy. Ol: «Adama ýaşamak üçin diňe çörek gerek däl. Ol Ýehowanyň her bir sözüne gulak asyp ýaşamaly» diýdi.

Şeýtan Isany ikinji gezek barlap gördi. Ol Isa şeýle diýýär: «Eger sen Hudaýyň ogly bolsaň, ybadathananyň iň beýik ýerinden aşak bök. Mukaddes kitaplarda: „Hudaý perişdelerini iberip, seni halas eder“ diýilýär». Isa Şeýtana şeýle jogap berýär: «Mukaddes kitaplarda: „Ýehowa Hudaýyňy synama“ diýilýär».

Şeýtan Isany üçünji gezek hem synaýar. Ol Isa ýer ýüzündäki ähli patyşalyklary, baýlyklary we at-abraýy görkezýär. Soňra oňa: «Eger sen maňa ýekeje gezek sežde etseň, şularyň ählisini saňa bererin» diýýär. Isa oňa şeýle jogap berýär: «Git şu taýdan, Şeýtan. Mukaddes kitaplarda: „Diňe Ýehowa sežde et“ diýip ýazylgy».

Şondan soň Şeýtan Isanyň ýanyndan gidýär. Perişdeler Isa iýmäge zat getirýärler. Şol wakadan soň Isa adamlara Hudaýyň Patyşalygy barada öwredip başlady. Isa ýere gowy habar aýtmak üçin gelipdi. Onuň öwredýän zatlaryny adamlar halaýardy. Isa nirä gitse, adamlaram yzyna düşüp gidýärdi.

«Ol (Şeýtan) ýalançy we ýalanyň atasy. Şonuň üçin aýdýan zatlary hem ýalandyr» (Ýahýa 8:44).