Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

76-NJY SAPAK

Isa satyjylary kowýar

Isa satyjylary kowýar

Biziň eramyzyň 30-njy ýylynyň ýaz aýlarydy. Isa Iýerusalime gitdi. Ol ýerde başga-da köp adamlar bardy. Adamlar Pasha baýramyny bellemek üçin gelipdiler. Baýramçylykda Hudaýa gurbanlyk berilýärdi. Şonuň üçin käbir adamlar ýany bilen mallaryny hem getirýärdi. Käbirleri bolsa Iýerusalimden satyn alýardy.

Isa ybadathana bardy. Adamlar şol ýerde mallaryny satýardy. Aslynda, ybadathanada Ýehowa sežde etmelidi. Ýöne adamlar zat satyp, pul gazanýardy. Isanyň olara gahary geldi. Ol eline ýogyn ýüp alyp, goýunlary, geçileri we öküzleri kowdy. Pul çalyşýanlaryň stollaryny agdardy. Olaryň teňňelerini zyňyp goýberdi. Soňra kepderi satýanlara: «Zatlaryňyzy bärden aýryň. Atamyň öýi size bazar däl» diýdi.

Isanyň eden işlerine adamlar haýran galdylar. Şonda şägirtleriň Mesih barada aýdylan sözler ýadyna düşdi. Pygamberlikde: «Men Ýehowanyň öýüni janym-tenim bilen söýerin» diýilýär.

Şondan soň biraz wagt geçdi. Biziň eramyzyň 33-nji ýylynda Isa ikinji gezek ybadathanany arassalady. Ol ybadathanada hiç kime Hudaýa ýaramaýan işleri etdirmedi.

«Siz hem Hudaýyň, hem baýlygyň guly bolup bilmersiňiz» (Luka 16:13).