Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

82-NJI SAPAK

Isa şägirtlerine doga etmegi öwretdi

Isa şägirtlerine doga etmegi öwretdi

Fariseýler ähli zady adamlara görünmek üçin edýärdi. Olar Hudaýa doga edýändigini görkezmek üçin, adamlaryň üýşýän ýerine barýardy. Uzyn dogalary ýat tutup, sinagogalarda we uly ýollaryň gyrasynda aýdýardy. Ýöne Isa şeýle diýdi: «Fariseýler ýaly dileg etmäň. Olar köp söz aýtsa Hudaý eşider öýdýärler. Ýöne Hudaý olary diňlemeýär. Adamlara görünmek üçin doga etmäň. Doga-dilegi Ýehowa eşitmeli. Doga edeniňizde şol bir sözleri gaýtalamaň. Ýehowa ýüregiňizdäkini aýdyň». Adamlar Isanyň sözlerine haýran galdylar.

Isa: «Gökdäki Atamyz, adyň mukaddes bolsun! Patyşalygyň gelsin! Gökde bolşy ýaly, ýerde-de islegiň amala aşsyn!» diýip, doga ediň diýdi. Şeýle-de ol adamlara her günki iýmit, günäleriniň geçilmegi we özüne gerekli zatlar üçin dileg etmegi öwretdi.

Şeýle-de Isa: «Hemişe doga ediň! Ýehowa Ataňyzdan gowy zatlary soraň. Hemme ene-atalar çagasyna gowy zatlary berýär. Eger ogluňyz çörek sorasa, siz oňa daş berersiňizmi? Ýa-da balyk sorasa, ýylan berersiňizmi?» diýdi.

Soňra Isa aýdan zatlaryny düşündirdi. Ol şeýle diýdi: «Siz çagalaryňyza gowy zatlary berýärsiňiz. Onda Gökdäki Ataňyz has gowy zatlary bermezmi?! Hudaýdan diläň, size mukaddes ruhuny berer». Sen Isanyň aýdyşy ýaly edýärsiňmi? Ýehowa näme barada doga edýärsiň?

«Gaýta-gaýta diläň, size berler, hemişe agtaryň, taparsyňyz, gapyny gaýta-gaýta kakyň, size açarlar» (Matta 7:7).