Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

84-NJI SAPAK

Isa suwuň ýüzünden ýöreýär

Isa suwuň ýüzünden ýöreýär

Öňki sapaklardan bilşimiz ýaly, Isa keselli adamlary sagaldýardy. Ölenleri direldýärdi. Şeýle-de ol ýele we ýagşa aýdanyny etdirip bilýärdi. Isa dagda doga edip boldy. Soňra aşak seretdi. Görse, Jelile deňzinde güýçli şemal bolup durdy. Şol wagt şägirtler gaýykda ýüzüp barýardylar. Şemal şeýle güýçli welin, ýüzmek kyndy. Isa dagdan aşak düşdi. Şägirtleriniň ýanyna barmak üçin suwuň ýüzünden ýöredi. Şägirtler biriniň suwuň ýüzünden ýöräp gelýänini görüp, gaty gorkdular. Isa: «Gorkmaň, bu men» diýdi.

Petrus: «Halypam, meni ýanyňa çagyr. Suwuň ýüzünden ýöräp baraýyn» diýýär. Isa-da: «Gel!» diýýär. Güýçli ýel sebäpli gaýyk eýläk-beýläk çaýkanýardy. Petrus gaýykdan düşüp, Isa tarap ýöredi. Ol Isanyň golaýyna baranda, güýçli tolkunlara seredip gorkdy. Petrus gark bolup başlady. Ol: «Halypam, meni halas et!» diýip gygyrdy. Isa Petrusa elini uzadyp: «Näme üçin ynanmadyň? Hany seniň imanyň?» diýdi.

Soň Isa bilen Petrus gaýyga mündi. Ýel şol bada ýatdy. Isanyň eden gudraty şägirtlere nähili täsir etdi? Olar: «Dogrudanam, sen Hudaýyň Ogly» diýdiler.

Şeýle ýagdaý soňam boldy. Bir gezek Isa şägirtleri bilen deňziň beýleki tarapyna gaýykda ýüzýär. Isa gaýygyň yzyna geçip ýatýar. Ol uklap ýatyrka, güýçli ýel turýar. Tolkunlardan ýaňa gaýyk suwdan dolýar. Şägirtler Isany turzup: «Mugallym, bizi halas et! Gark bolup barýarys» diýip gygyrdylar. Isa ýerinden turup deňze: «Köşeş!» diýdi. Ýel şol bada ýatdy, deňiz hem köşeşdi. Isa şägirtlerine: «Hany, siziň imanyňyz?» diýdi. Olar: «Ýelem, deňizem Isa gulak asýar» diýişdiler. Şägirtler şol wakadan Isa ynanmagy öwrendiler. Eger olar Isa ynansalar, hiç zatdan gorkmazdy.

«Ýehowanyň ýagşylygyna iman etmedik bolsam, ýagty jahanda nirelerde bolardym?!» (Zebur 27:13).