Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

86-NJY SAPAK

Isa Lazary direldýär

Isa Lazary direldýär

Isanyň üç sany gowy dosty bardy. Olar Betaniýada ýaşaýardy. Olaryň atlary Lazar, Merýem we Marta. Olar süýtdeş dogandy. Bir gezek Lazar keselleýär. Şol wagt Isa Iordan derýasynyň beýleki tarapyndady. Merýem bilen Marta Isa habar iberýär. Oňa Lazaryň keselläp ýatandygyny aýdýarlar. Olar Isa: «Çaltrak geläý» diýip haýyş edýärler. Ýöne Isa şol wagt gaýtmaýar, ýene iki gün eglenýär. Soňra şägirtlerine: «Ýörüň, Betaniýa gideliň. Lazar uklap ýatyr. Men ony turuzmaly» diýýär. Şägirtler hem: «Lazar ýatan bolsa, gowulaşyp gider» diýýär. Şonda Isa: «Lazar aradan çykdy» diýýär.

Isa Betaniýa gelýär. Lazary jaýlanlaryna dört gün bolupdy. Adamlar Marta bilen Merýemiň ýanyna gelip, olara göwünlik berýärdi. Marta Isanyň gelendigini eşidip, öňünden çykýar. Marta: «Halypam, sen şu ýerde bolan bolsaň, doganym ölmezdi» diýýär. Isa: «Marta, doganyň direler. Sen muňa ynanýarsyňmy?» diýýär. Marta: «Men doganymyň direljegini bilýärin» diýýär. Isa oňa: «Direldýän hem, ýaşadýan hem men» diýýär.

Soňra Marta Merýemiň ýanyna baryp, Isanyň gelendigini aýtdy. Merýem Isanyň ýanyna ylgap gaýtdy. Adamlar hem onuň yzyna düşdi. Merýem Isanyň aýagyna ýykylyp, möňňürip aglady. Ol Isa: «Halypam, sen bärde bolan bolsaň, doganym ölmezdi» diýdi. Isa Merýemiň aglaýandygyny görüp aglady. Adamlar: «Isa Lazary gowy görýän eken» diýişdiler. Ýöne käbirleri: «Ol näme üçin dostuna kömek etmedi?» diýdiler. Soňra Isa näme edýär?

Ol mazaryň ýanyna barýar. Mazaryň agzynda uly daş durdy. Isa: «Daşy aýryň» diýýär. Marta: «Lazaryň ölenine dört gün boldy. Ol porsandyr» diýýär. Daşy aýranlarynda, Isa adamlaryň öňünde şeýle doga edýär: «Atam, meni eşidýäniň üçin sag bol. Meni hemişe eşidýärsiň. Meni sen iberdiň. Ýöne adamlar muny bilsin diýip aýdýaryn». Soňra: «Lazar, daşaryk çyk!» diýip gygyrdy. Lazar mazardan çykdy. Onuň hemme ýerine mata saralandy. Isa: «Ony çözüň, arkaýyn ýöresin» diýdi.

Şeýdip, Isa adamlaryň gözüniň öňünde üýtgeşik gudrat etdi. Şonda köp adamlar Isa iman etdiler. Ýöne käbirleri gören zatlaryny fariseýlere gürrüň berdiler. Şondan soň fariseýler Lazary hem, Isany hem öldürjek boldular. Isanyň 12 şägirdiniň biri Iuda hiç kime bildirmän fariseýleriň ýanyna barýar. Olara: «Isany tutup bersem näçe tölärsiňiz?» diýýär. Fariseýler: «Biz saňa 30 kümüş pul bereris» diýýär. Iuda razy bolýar. Soňra ol amatly wagt gözleýär. Ol Isany fariseýlere tutup berjek bolýar.

«Hak Hudaý halas edýär, älemiň Hökümdary Ýehowa ölümden gutarýar» (Zebur 68:20).