Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

88-NJI SAPAK

Isa tutulýar

Isa tutulýar

Ýarygije asmandaky aý tes-tegelek bolup, ýagty saçyp durdy. Isa şägirtleri bilen Kidron jülgesiniň içinden geçip, Zeýtun dagyna gidýär. Olar Getseman bagyna geldiler. Isa şägirtlerine: «Siz şu ýerde galyň. Men häzir gelerin. Gelýänçäm ýatmaň» diýýär. Isa bagyň içirägine girýär. Dyza çöküp, Ýehowa dileg edýär. Ol: «Atam, seniň islegiň bolsun» diýýär. Isa köp alada edýärdi. Şonuň üçin perişde ony gelip ruhlandyrýar. Isa şägirtleriniň ýanyna baryp görse, olar uklap ýatan eken. Isa: «Turuň, ýatmaň. Men tizden duşmanlarymyň eline berilmeli. Şonuň üçin häzir ýatmagyň wagty däl» diýýär.

Isa şägirtleri bilen köplenç Getseman bagyna gelýärdi. Şonuň üçin Iuda şol ýere barýar. Onuň ýanynda eli gylyçly, taýakly adamlar bardy. Iuda adamlara: «Häzir men size Isany görkezeýin» diýýär. Soňra ol Isanyň ýanyna baryp: «Salam, Mugallym!» diýip, çekgesinden ogşaýar. Isa: «Sen meni ogşan bolup satýarmyň?» diýýär.

Isa adamlaryň öňünden çykyp: «Kimi gözleýärsiňiz?» diýýär. Olar: «Nazaretli Isany» diýýärler. Isa: «Men şol» diýýär welin, adamlar tisginip gidýär. Olar biraz yza çekilip, ýere ýykylýar. Isa ýene-de: «Siz kimi gözleýärsiňiz?» diýýär. Olar: «Nazaretli Isany» diýýärler. Isa: «Men şol diýdim-ä. Şägirtlerimi goýberiň» diýýär.

Petrus Isany tutjak bolýandyklaryny görüp gylyjyny çykarýar. Ol Malhusyň gulagyny kesýär. Malhus baş ruhanynyň hyzmatkäridi. Isa Malhusyň gulagyna elini degrip, ony sagaldýar. Soňra Petrusa: «Gylyjyňy aýyr. Gylyç göteren gylyçdan hem öler» diýýär. Esgerler Isany tutup, elini daňýarlar. Şägirtler bolsa gaçyp gidýärler. Isany uly ruhany Hannanyň ýanyna getirýärler. Hannan ony köp wagt saklaýar. Oňa sorag baryny berensoň, baş ruhany Kaýafanyň ýanyna iberýär. Ondan soň näme bolandygyny indiki sapakda öwreneris.

«Dünýäde köp kynçylyk çekersiňiz, ýöne mert boluň! Men dünýäni ýeňdim» (Ýahýa 16:33).