Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

89-NJY SAPAK

Petrus Isadan ýüz öwürýär

Petrus Isadan ýüz öwürýär

Ýadyňyzda bolsa, Isa şägirtleri bilen Iýerusalimde ýokarky otagda otyrdy. Ol şägirtlerine: «Şu gün agşam hemmäňiz meni taşlap gidersiňiz» diýýär. Şonda Petrus: «Ýok, kim taşlasa-da, men seni ýeke goýmaryn» diýýär. Isa: «Horaz gygyrmanka, üç gezek meni tanamaýandygyňy aýdarsyň» diýýär.

Isany Kaýafanyň öýüne getirýärler. Şägirtleriň köpüsi gaçyp gidipdiler. Ýöne iki şägirt adamlaryň yzyna düşüp gaýdýar. Olaryň biri Petrusdy. Petrus Kaýafanyň howlusyna girýär. Ýanyp duran oduň ýanyna baryp ýylynýar. Şonda hyzmatkär gyz Petrusy görüp: «Men seni tanaýaryn. Sen Isa bilen bilediň» diýýär.

Petrus: «Ýok, men onuň bilen däl. Näme diýýäniňe düşünmeýärin» diýýär. Soňra derwezä tarap gidýär. Başga bir hyzmatkär gyz Petrusy görüp: «Şol adam hem Isa bilen biledi» diýýär. Petrus: «Ýok, men Isany tanamaýaryn» diýýär. Adamlaryň biri: «Senem şolaryň biri, jelileliler ýaly gepleýärsiň» diýýär. Petrus: «Dogrymy aýdýaryn, men ony tanamaýaryn» diýýär.

Şol wagt horaz gygyrýar. Isa yzyna öwrülip, Petrusyň ýüzüne seredýär. Şonda Isanyň aýdanlary onuň ýadyna düşýär. Petrus daşaryk çykyp, möňňürip aglaýar.

Şol wagt Kaýafanyň öýüne Mejlisiň agzalary ýygnanypdy. Olar kazylardy. Olar Isany öldürmek isleýärdiler. Şonuň üçin bahana gözleýärdiler. Ýöne ony hiç zatda günäkärläp bilmediler. Ahyry Kaýafa Isa: «Sen Hudaýyň Oglumy?» diýýär. Isa: «Hawa» diýip jogap berýär. Kaýafa: «Bize başga şaýat gerek däl. Sen Hudaýa dil ýetirýärsiň» diýýär. Isa sorag beren adamlar: «Ony öldürmeli!» diýişdiler. Soňra Isanyň ýüzüne şarpyk çalýarlar, tüýkürýärler we gözüni daňyp urýarlar. Oňa: «Pygamber bolsaň, aýt hany! Seni kim urdy?» diýýärler.

Daň atýar, Isany kazyýete alyp gidýärler. Ondan ýene-de: «Sen Hudaýyň Oglumy?» diýip soraýarlar. Isa-da: «Aýdyşyňyz ýalydyr» diýýär. Isany «Hudaýa dil ýetirýär» diýip günäkärleýärler. Ony Pontiýus Pilatusyň ýanyna alyp gidýärler. Şol wagt Pontiýus Pilatus Rimiň patyşasydy. Soň näme bolandygyny indiki sapakdan bileris.

«Şeýle wagt... eýýäm gelendir, hemmäňiz meni taşlap, öýli-öýüňize dargarsyňyz. Emma men ýeke däl, Atam meniň bilendir» (Ýahýa 16:32).