Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

90-NJY SAPAK

Isa Galgotada ölýär

Isa Galgotada ölýär

Uly ruhanylar Isany patyşanyň köşgüne getirýärler. Patyşa: «Onuň näme günäsi bar?» diýip soraýar. Olar hem şeýle diýýär: «Ol özüne patyşa diýýär». Pilatus Isadan: «Sen ýehudylaryň patyşasymy?» diýip soraýar. Isa: «Meniň patyşalygym şu dünýäden däl» diýýär.

Pilatus Isany Hirodesiň ýanyna iberýär. Hirodes Jeliläniň hökümdarydy. Pilatus Hirodese: «Isanyň nähili günäsiniň bardygyny bil» diýýär. Hirodes Isadan hiç hili günä tapmaýar. Soňra Isany yzyna iberýär. Pilatus halka: «Hirodes hem, men hem Isadan hiç hili günä tapmadyk. Men ony boşatjak» diýýär. Halk bolsa: «Öldür ony! Öldür ony!» diýip gygyrýar. Esgerler Isany gamçylaýarlar, üstüne tüýkürýärler we urýarlar. Soňra kellesine tikenden täç geýdirip: «Salam, ýehudylaryň Patyşasy!» diýip üstünden gülýärler. Pilatus ýene-de: «Ol adam erbet iş etmändir» diýýär. Adamlar: «Ony pürse çüýle!» diýip gygyrýar. Şonda Pilatus esgerlerine: «Ony çüýläň!» diýýär.

Isany Galgota diýen ýere getirýärler. Şol ýerde el-aýagyny agaja çüýleýärler. Soňra agajy galdyrýarlar. Isa Ýehowa doga edip: «Atam, olaryň günäsini geç. Olar bilmän edýär» diýýär. Adamlar Isanyň üstünden gülüp: «Hudaýyň Ogly bolsaň, aşak düş. Özüňi halas et» diýýär.

Isanyň ýanynda iki sany jenaýatçyny çüýleýärler. Olaryň biri Isa: «Patyşa bolanyňda meni ýatla» diýýär. Isa: «Sen meniň bilen Jennetde bolarsyň» diýip söz berýär. Öýlän üç sagat hemme ýer garaňky bolýar. Şägirtler Isanyň çüýlenen ýerinde durdylar. Olaryň arasynda Isanyň ejesi Merýem hem bardy. Isa Ýahýa atly şägirdine: «Merýemiň aladasyny et. Oňa öz ejeň ýaly seret» diýýär.

Iň soňunda Isa: «Ähli zat berjaý boldy» diýýär. Ol başyny egip, jan berýär. Şonda güýçli ýer titreýär. Ybadathanadaky perde ikä bölünýär. Ol iň mukaddes otag bilen mukaddes otagyň arasynda durdy. Şol zatlary görüp duran serkerdeleriň biri: «Dogrudanam, ol Hudaýyň Ogly eken» diýýär.

«Hudaý köp wada berýär, olaryň ählisi Isa arkaly „hawa“ bolýar» (2 Korinfliler 1:20).