Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

91-NJI SAPAK

Isa direlýär

Isa direlýär

Isa ölýär. Ýusup atly bir baý adam Pilatusyň ýanyna barýar. Ondan Isanyň jesedini soraýar. Pilatus hem jesedi alyp gitmäge rugsat berýär. Ýusup Isanyň jesedini aşak düşürýär. Ony ýakymly ysly otlar bilen gowy mata dolaýar. Soňra mazara äkidip jaýlaýar. Mazaryň agzyna uly daş goýýar. Şol mazarda öň hiç kim jaýlanmady. Uly ruhanylar hem Pilatusyň ýanyna barýarlar. Olar Pilatusa: «Isanyň şägirtleri jesedi alyp, Isa direldi diýäýmesinler» diýdi. Patyşa olara: «Onda mazaryň agzyna garawul goýuň. Agzyndaky daşy hem möhürläň» diýýär.

Isanyň ölenine üç gün geçipdi. Daň bilen aýallar mazara barýarlar. Görseler, uly daş aýrylypdyr. Aýallar mazaryň içine girýärler. Mazaryň içinde perişde bar eken. Perişde olara: «Gorkmaň, Isa direldi. Şägirtlere aýdyň, Jelilä barsynlar. Isa bilen şol ýerde görşerler» diýdi.

Magdalaly Merýem ylgap, Petrus bilen Ýahýanyň ýanyna barýar. Olara: «Isanyň jesedini alypdyrlar» diýýär. Şägirtler ylgap mazara gidýärler. Baryp görseler, mazar boş eken. Soňra olar yzyna gaýdýarlar.

Merýem ýene mazara gelýär. Mazaryň içinde iki sany perişdäni görýär. Olara: «Halypamy nirä alyp gidenlerini bilmeýärin» diýýär. Soňra ol bir adamy görýär. Merýem oňa bagbandyr öýdüp: «Agam, Halypamy nirä alyp gideniňi aýdaý-da» diýýär. Ol: «Merýem!» diýýär. Merýem onuň sesinden Isadygyny tanaýar. Ol: «Mugallym!» diýip ylgap barýar-da, ony goýbermän durýar. Isa Merýeme: «Bar, meni görendigiňi doganlaryma aýt» diýýär. Merýem şägirtleriň ýanyna baryp, Isany görendigini aýdýar.

Şol gün iki şägirt Iýerusalimden Emmawus obasyna gidýär. Olara ýolda bir adam duşýar. Ol adam şägirtlere: «Näme barada gürrüň edýärsiňiz?» diýýär. Olar: «Seniň habaryň ýokmy? Üç gün mundan öň uly ruhanylar Isany öldürdipdiler. Indi bolsa aýallar onuň direlendigini aýdýarlar» diýýär. Ol adam: «Siz näme üçin pygamberlere ynanmaýarsyňyz? Olar Mesih öler, soňam direler diýipdiler» diýýär. Şeýdip, ol şägirtlere mukaddes kitaplarda ýazylan zatlary düşündirýär. Olar Emmawus obasyna barýarlar. Şägirtler oňa: «Bärde galaý» diýýärler. Ol hem galýar. Agşam saçak başynda otyrkalar, ol adam doga edýär. Şonda şägirtler onuň Isadygyny bilýärler. Ýöne Isa gözden gaýyp bolýar.

Iki şägirt derrew Iýerusalime gaýdýar. Olar resullaryň ýanyna barýar. Şol wagt resullar bir öýüň içinde otyrdylar. Iki şägirt gören we eşiden zatlaryny resullara gürrüň berýär. Birdenem öýüň içinde Isa peýda bolýar. Başda şägirtler Isany tanamaýar. Şonuň üçin Isa olara: «Serediň, elim, aýagym bar. Ynanmasaňyz, elläp görüň. Mukaddes kitaplarda-da Mesihiň direljegi aýdylýar» diýýär.

«Men ýol, hakykat we ýaşaýyş. Mensiz hiç kim Atamyň ýanyna baryp bilmez» (Ýahýa 14:6).