Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

94-NJI SAPAK

Şägirtlere mukaddes ruh berilýär

Şägirtlere mukaddes ruh berilýär

Biziň eramyzyň 33-nji ýylynyň Pentikost günüdi. Isanyň ölenine on gün geçipdi. Hudaý şägirtlere mukaddes ruhuny berýär. Baýramçylygy bellemäge Iýerusalime köp adam gelýär. Şol ýerde Isanyň 120-ä golaý şägirdi hem bardy. Olar Iýerusalimdäki bir öýüň ýokarky otagynda otyrdylar. Birdenem üýtgeşik zat bolýar. Her şägirdiň kellesinde oda meňzeş zat peýda bolýar. Şägirtler dürli dilde gepläp başlaýar. Öýüň içinde güýçli şemalyň sesi eşidilýär.

Güýçli ýeliň sesini Iýerusalime gelen adamlar hem eşidýär. Olar näme bolýandygyny bilmek üçin öýe girýär. Olar şägirtleriň dürli dilde gepleýändigine haýran galyp: «Olar jelileli dälmi?! Biziň dilimizde nädip gepläp bilýärler?» diýýär.

Petrus bilen resullar adamlaryň öňünde durýar. Petrus olara Isanyň öldürilişi, Ýehowanyň ony direldişi hakda gürrüň berýär. Soňra şeýle diýýär: «Isa häzir gökde. Hudaýyň sagynda otyr. Söz berişi ýaly, bize mukaddes ruhuny berdi. Şonuň üçin hem siz şeýle gudratlary görýärsiňiz we eşidýärsiňiz».

Petrusyň aýdan sözleri adamlaryň ýüregine täsir edýär. Şonuň üçin olar: «Biz näme etmeli?» diýdiler. Petrus: «Toba ediň, indi erbet işleri etmäň. Isanyň ady bilen suwa çümdüriliň. Şonda Hudaý size-de mukaddes ruhuny berer» diýýär. Şol gün 3 000-e golaý adam suwa çümdürilýär. Iýerusalimde şägirtleriň sany gün-günden köpelýärdi. Resullar Hudaýyň kömegi bilen ýygnaklary döretdi. Şeýdip, olar şägirtlere Isanyň tabşyran zatlaryny öwredýärdiler.

«Eger siz Isanyň Halypamyzdygy hakda diliňiz bilen wagyz edip, Hudaýyň ony direldendigine ýürekden iman etseňiz, halas bolarsyňyz» (Rimliler 10:9).