Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

98-NJI SAPAK

Köpler Isanyň şägirdi bolýar

Köpler Isanyň şägirdi bolýar

Isa resullara ähli ýerde wagyz ediň diýipdi. Şägirtler hem Isa gulak asdylar. Biziň eramyzyň 47-nji ýylydy. Antakyýadaky doganlar Pawlus bilen Barnabasy başga ýerlere wagyz etmäge iberýärler. Olar örän yhlaslydy. Pawlus bilen Barnabas kiçi Aziýa gidýär. Olar Derbi, Listra we Ikoniýa şäherlerinde wagyz edýärler.

Pawlus bilen Barnabas hemmelere wagyz edýär. Olar baýlara, garyplara, ýaşlara we garrylara hoş habary aýdýarlar. Köp adamlar Mesih barada eşidip, oňa ynanýarlar. Bir gezek Pawlus bilen Barnabas Sergusa wagyz edýärler. Sergus Pawlos Kipriň welaýat häkimidi. Ýöne bir jadygöý Pawlus daga wagyz etdirmejek bolýar. Şonda Pawlus: «Ýehowa saňa jeza berer» diýýär. Şol bada jadygöýiň gözi kör bolýar. Muny görüp Sergus Hudaýa iman edýär.

Pawlus bilen Barnabas öýden-öýe, köçelerde, bazarlarda we sinagogalarda wagyz edýärdiler. Bir gezek olar Listra şäherinde agsak adamy sagaldýarlar. Adamlar şol gudraty görüp haýran galýarlar. Olara taňrydyr öýdüp, sežde etjek bolýarlar. Ýöne Pawlus bilen Barnabas: «Diňe Hudaýa sežde ediň. Bizem siziň ýaly adamlar» diýip, olary saklaýar. Soňra käbir ýehudylar gelip, Pawlusy ýamanlaýar. Adamlar Pawlusa garşy çykýarlar, ony daşlaýarlar. Pawlusy süýräp, şäheriň daşyna çykarýarlar. Ölendir öýdüp, taşlap gaýdýarlar. Ýöne Pawlus diridi. Soňra derrew doganlar gelip, Pawlusa kömek edýärler. Ony yzyna şähere getirýärler. Biraz wagt geçensoň, Pawlus Antakyýa şäherine gidýär.

Biziň eramyzyň 49-njy ýylydy. Pawlus kiçi Aziýadaky doganlar bilen görüşýär. Soňra ikinji gezek başga şäherlere wagyz etmäge gidýär. Ol uzak ýerlere, Ýewropa ýurtlaryna gidýär. Meselem, Afina, Efes, Filipi, Selanik we başga şäherlere barýar. Onuň ýanynda Silas, Luka we ýaşajyk Timoteos bardy. Olar agzybir gulluk edýärler we ýygnaklary döredýärler. Dogan-uýalara Hudaýa bolan imanyny berkitmäge kömek edýärler. Pawlus bir ýarym ýyl Korinf şäherinde bolýar. Ol doganlara ruhy taýdan ösmäge kömek edýär. Pawlus wagyz edýärdi, köp zatlary öwredýärdi we ýygnaklara hat ýazýardy. Şeýle-de ol işleýärdi, çadyr tikýärdi. Biraz wagt geçensoň, Pawlus ýene Antakyýa gaýdýar.

Biziň eramyzyň 52-nji ýylydy. Pawlus üçünji gezek başga şäherlere wagyz etmäge gidýär. Ol kiçi Aziýadan başlaýar. Pawlus Efes şäherinde birnäçe ýyl bolýar. Ol ýerde adamlara Hudaý barada öwredýär. Şeýle-de keselleri sagaldýar, ýygnaklara kömek edýär. Pawlus şol ýerdäki bir mekdepde her gün nutuk bilen çykyş edýär. Pawlusy diňlän adamlaryň köpüsi häsiýetlerini üýtgedýär. Olar Hudaýyň islegi boýunça ýaşap başlaýar. Soňra Pawlus demirgazykdaky Filipi şäherine gidýär. Ol ýerde hem wagyz edýär. Ondan soň Korinf şäherine gaýdýar. Şeýdip, Pawlus köp şäherlere aýlanýar. Iň soňunda bolsa, Iýerusalime gidýär.

«Gidiň-de, ähli halklardan şägirt taýýarlaň» (Matta 28:19).