Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

99-NJY SAPAK

Türmäniň gözegçisi Isa iman edýär

Türmäniň gözegçisi Isa iman edýär

Filipi şäherinde bir hyzmatkär gyz bardy. Onuň içine jyn giripdi. Gyz jynyň kömegi bilen pal atýardy. Ol köp pul gazanýardy. Onuň pullaryny hojaýynlary alýardy. Bir gezek Pawlus bilen Silas Filipi şäherine gelýär. Palçy gyz birnäçe günläp olaryň yzyndan galman aýlanyp ýörýär. Içine jyn giren gyz: «Olar Allatagalanyň gullary» diýip gygyrýar. Pawlus ahyry jyna: «Isanyň adyndan buýurýaryn! Gyzyň içinden çyk!» diýdi. Jyn hem gyzyň içinden çykýar.

Hyzmatkär gyz şondan soň pul gazanyp bilmeýär. Muňa hojaýynlaryň gahary gelýär. Şonuň üçin Pawlus bilen Silasy şäher häkimleriniň ýanyna eltýärler. Olar häkimlere: «Şu adamlar kanuny bozýar. Halka hem şony etmegi öwredýär» diýýär. Şäher häkimleri olary urup, türmä basýar. Türmäniň gözegçisi Pawlus bilen Silasyň aýagyny zynjyr bilen daňýar. Soňra olary türmäniň iň garaňky ýerine salýar.

Pawlus bilen Silas türmedekä Ýehowany şöhratlandyryp aýdym aýdýar. Türmede oturanlaryň hemmesi olary eşidýär. Birdenem gijäniň ýary güýçli ýer titreýär. Türmäniň gapylary açylýar. Tussaglaryň hemmesiniň zynjyrlary üzülýär. Türmäniň gözegçisi ylgap gelýär. Görse, hemme gapylar açyk eken. Ol tussaglaryň hemmesi gaçandyr öýdýär. Soňra gylyjy bilen özüni öldürjek bolýar.

Pawlus: «Dur, özüňi öldürme. Biziň hemmämiz bärde» diýip gygyrýar. Türmäniň gözegçisi ylgap, Pawlus bilen Silasyň ýanyna barýar. Olaryň öňünde dyza çöküp: «Halas bolmak üçin näme etmeli?» diýip soraýar. Olar: «Isa iman etseň, halas bolarsyň. Maşgalaňy hem halas edersiň» diýýär. Soňra Pawlus bilen Silas olara Ýehowanyň Sözüni wagyz edýär. Şeýdip, türmäniň gözegçisi we maşgalasy suwa çümdürilýär.

«Sizi tussag ederler, yzarlarlar, sinagogalara tabşyrarlar we türmä basarlar. Meniň adym üçin, sizi patyşalaryň we hökümdarlaryň öňüne alyp bararlar. Şonda wagyz etmäge mümkinçilik bolar» (Luka 21:12, 13).