Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

103-NJI SAPAK

«Patyşalygyň gelsin»

«Patyşalygyň gelsin»

Ýehowa şeýle söz berýär: «Indi hiç kim aglamaz, kesellemez we ölmez. Men adamlaryň gözlerinden ýaşlaryny süpürerin. Öňki erbet zatlar ýatdan çykar».

Ýehowa Adam ata bilen How enä Erem bagyny berdi. Olar şol ýerde agzybir hem bagtly ýaşamalydy. Olar gökdäki Atasy Ýehowa gulluk etmelidi. Çaga edinip, ýer ýüzüni doldurmalydy. Adam ata bilen How ene Ýehowa gulak asmady. Ýöne Ýehowa başdaky islegini ýadyndan çykarmady. Şu kitapdan bilşimiz ýaly, Ýehowanyň her bir aýdan sözi ýerine ýetýär. Ýehowa Ybraýyma söz berişi ýaly, Patyşalygy arkaly ýerde köp gowy zatlary eder. Ýer ýüzi Jennet bolar.

Tizden Şeýtan, jynlar we erbet adamlaryň ählisi ýok bolar. Hemmeler Ýehowa sežde eder. Hiç birimiz kesellemeris we ölmeris. Irden turanymyzda hiç ýerimiz agyrmaz, keýpimiz kök bolar. Ýaşadygymyzça ýaşasymyz geler. Bütin ýeriň ýüzi Jennet bolar. Şonda iýmit bol bolar, adamlar islän zadyny iýer. Her kimiň öz öýi bolar, arkaýyn ýatyp-turar. Adamlar uruşmaz, gaýtam mähirli bolar. Adamlar hiç bir haýwandan gorkmaz. Haýwanlar bize zyýan ýetirmez. Haýwanlar hem adamlardan gorkmaz.

Ýehowa ölen adamlary direldip başlanda, köp gyzykly wakalar bolar. Biz köp adamlaryň direlişini göreris. Meselem, Habyly, Nuhy, Ybraýymy, Bibisarany, Musany, Ruty, Esteri we Dawudy garşy alarys. Olar bilen işläp, ýer ýüzüni Jennet ederis. Jennetde iş köp bolar, içimiz gysmaz.

Ýehowa seniň hem Jennetde ýaşamagyňy isleýär. Şol ýerde sen Ýehowa barada öň bilmedik zatlaryňy öwrenersiň. Şonuň üçin häzirden Ýehowa bilen ýakyn dost boluň. Goý, siziň dostlugyňyz ebedilik bolsun!

«Gudratygüýçli Hudaýymyz Ýehowa, sen şöhrata, hormata, alkyşa mynasypsyň! Sebäbi ähli zady sen ýaratdyň» (Ylham 4:11).