Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Ýolbaşçylyk maslahatynyň haty

Ýolbaşçylyk maslahatynyň haty

Mähriban dogan-uýalar!

Biz Ýehowanyň Sözüni okamagy gowy görýäris. Mukaddes Kitapdan halal ýaşamagy, Hudaýyň halky bilen bolan wakalary öwrenýäris. Şeýle-de Ýehowanyň adamlary söýýändigine göz ýetirýäris (Zebur 119:105; Luka 1:3; 1 Ýahýa 4:19). Biz her bir adamyň Mukaddes Kitapdaky hakykaty bilmegini isleýäris. Şonuň üçinem «Mukaddes Kitapdan sapaklarym» diýen kitap çykaryldy. Geliň, kitap bilen tanyş bolalyň.

Kitap, esasan, çagalar üçin ýazyldy. Ýöne Mukaddes Kitaba has gowy düşünmek isleýän adamlar hem ony okap biler. Mukaddes Kitap ähli ýaşdaky adamlar üçin ýazyldy. Ondaky wakalara ýene bir gezek göz gezdirsek, hasam peýdaly bolar.

Şu kitapdaky wakalar Mukaddes Kitapdan alyndy. Onda adamzat döräli bäri bolan wakalar yzygiderli gürrüň berilýär. Sapaklar düşnükli bolar ýaly, sada dilde ýazyldy.

Mukaddes Kitapdaky wakalar diňe bir göçürilip goýulmady. Kitabyň ýazylyşy we ondaky suratlar wakany göz öňüne getirmäge we ondaky adamlaryň duýgularyna düşünmäge kömek edýär.

Mukaddes Kitapda Hudaýa gulak asan we asmadyk adamlar barada ýazylan. Şu kitapdan Ýehowa gulak asan adamlardan görelde almagy, gulak asmadyk adamlardan bolsa sapak edinmegi öwrenersiňiz (Rimliler 15:4; 1 Korinfliler 10:6). Kitapda 14 bölüm bar. Her bölümiň başynda öwrenjek zatlarymyz barada gürrüň berilýär.

Ene-atalar, çagaňyz bilen her sapagy okap, suratlar arkaly gürrüňdeş boluň. Soňra getirilen aýatlary okap, sapakdaky wakanyň Mukaddes Kitapdan alnandygyna düşünmäge kömek ediň. Ulular hem şeýdip okasa, Mukaddes Kitaba gowy düşünip biler.

Şu kitap hem çagalara, hem ululara Mukaddes Kitaba gowy düşünmäge we öwrenen zatlary boýunça ýaşamaga kömek eder diýip umyt edýäris. Şonda olaram Ýehowany söýüp, halky bilen bile gulluk eder.

Doganlaryňyz,

Ýehowanyň Şaýatlarynyň Ýolbaşçylyk maslahaty