Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

1-nji bölüm

1-nji bölüm

Mukaddes Kitabyň başynda Ýehowanyň ýerde hem gökde täsin zatlary ýaradandygy aýdylýar. Ene-atalar, çagalaryňyzyň ünsüni tebigatdaky her dürli owadan zatlara çekiň. Hudaýyň adamlary üýtgeşik ýaradandygyny gürrüň beriň. Çagalaryňyza adamlaryň gepläp, oýlanyp, dürli zatlary ýasap, aýdym aýdyp we Hudaýa doga-dileg edip bilýändigini düşündiriň. Ýehowanyň akyl-paýhasly, güýçli Hudaýdygyny we her bir adamy söýýändigini düşündirip, minnetdar bolmagy öwrediň.

ŞU BÖLÜMDE:

1-NJI SAPAK

Ýehowa gögi we ýeri ýaratdy

Mukaddes Kitapda Hudaýyň gögi we ýeri ýaradandygy aýdylýar. Hudaý näme üçin ilki perişdäni ýaratdy?

2-NJI SAPAK

Hudaý erkek bilen aýaly ýaratdy

Hudaý erkek bilen aýaly ýaradyp, Erem bagyna eltdi. Olaryň köp çagalary bolmalydy we ýer ýüzüni owadan baga öwürmelidi.