Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

3-nji bölüm

3-nji bölüm

Tupandan soňam diňe käbir adamlar Hudaýyň aýdanyny edipdir. Mukaddes Kitapda olaryň ady ýazylan. Olaryň biri Ybraýym, oňa Ýehowanyň dosty diýilýärdi. Näme üçin? Ene-atalar, Ýehowanyň çagalaryňyz bilenem dost bolmak isleýändigini, hemişe kömek etmäge taýyndygyny düşündiriň. Ybraýym, Lut we Ýakup ýaly bizem Ýehowadan arkaýyn kömek sorap bileris. Ýehowa söz berişi ýaly, hökman kömek edýär.

ŞU BÖLÜMDE:

7-NJI SAPAK

Wawilon diňi

Käbir adamlar uly şäher we asmana ýetip duran diň gurjak boldular. Hudaý näme üçin olaryň dilini üýtgetdi?

8-NJI SAPAK

Ybraýym bilen Bibisara Hudaýa gulak asdy

Ybraýym bilen Bibisara näme üçin Ur şäherindäki öýüni goýup gaýtdy?

9-NJY SAPAK

Ahyry ogly bolýar

Ýehowa kim arkaly hemme adamlara ýagşylyk eder? Yshakmy ýa Ysmaýyl?

10-NJY SAPAK

Duza öwrülen aýal

Ýehowa Sodom bilen Gomorra şäherine ot ýagdyrdy. Näme üçin? Lutuň aýalyndan näme üçin sapak edinmeli?

11-NJI SAPAK

Ybraýymyň imany synalýar

Ýehowa Ybraýyma: «Ogluňy al-da, Moriýa ýurdundaky daga git. Şol ýerde ony gurban ber» diýdi. Ybraýym Hudaýa gulak asarmy?

12-NJI SAPAK

Ýakup mirasdüşer bolýar

Yshak bilen Rebekanyň Ysaw we Ýakup atly ekiz ogullary bardy. Ysaw uly ogul bolany üçin, miras oňa galmalydy. Ol näme üçin mirasdan geçdi?

13-NJI SAPAK

Ýakup bilen Ysaw ýaraşýar

Ýakup perişdeden ak pata almak üçin näme etdi? Ol Ysaw bilen ýaraşmak üçin näme etdi?