Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

6-njy bölüm

6-njy bölüm

Ysraýyllar Hudaýyň wada beren ýurdunda ýaşap başladylar. Olar indi mukaddes çadyrda Ýehowa arkaýyn sežde edýärler. Ruhanylar halka kanuny öwredýärdi, serdarlar bolsa ýolbaşçylyk edýärdi. Şu bölümde adamlaryň gelýän kararlarynyň we edýän işleriniň başga adamlara-da täsir edýändigi gürrüň berilýär. Her bir ysraýylly Ýehowa wepaly bolmaly we başga adamlara görelde görkezmeli. Ene-atalar, çagalaryňyza Deboranyň, Nagomynyň, Ýuşanyň, Hannanyň, Ýeftahyň gyzynyň we Şamuweliň göreldesi hakda gürrüň beriň. Şeýle-de başga halkdan bolan adamlaryň hem Ýehowa gulluk edendigini aýdyň. Rahaw, Rut, Ýaýyl we gibgonlylar Ýehowanyň elini görendigi üçin, onuň halkyna goşuldylar.

ŞU BÖLÜMDE:

29-NJY SAPAK

Ýehowa Ýuşany saýlady

Hudaýyň Ýuşa beren tabşyryklary häzir hem peýdaly.

30-NJY SAPAK

Rahaw iki adamy gizleýär

Ýerihonyň diwarlary ýykylýar. Ýöne Rahawyň öýi diwarda bolsa-da ýykylmaýar.

31-NJI SAPAK

Ýuşa bilen gibgonlylar

Ýuşa: «Ýehowa, Güni batyrmaý» diýip dileg edýär. Hudaý onuň dilegini eşitdimi?

32-NJI SAPAK

Barak bilen iki aýal

Ýuşa ölensoň, ysraýyllar butlara sežde edip başlady. Şonuň üçin olar görgi baryny gördüler. Ýöne Ýehowa olara Barak serdar, pygamber aýal Debora we Ýaýyl arkaly kömek edýär.

33-NJI SAPAK

Rut bilen Nagomy

Nagomy bilen Rut äri ölensoň, Ysraýyla gaýdýar. Rut Bowazyň melleginde işleýär. Bowaz hem ony synlaýar.

34-NJI SAPAK

Gedeýon midýanlary ýeňýär

Midýanlar ysraýyllara azar baryny berdiler. Ysraýyllar Ýehowa ýalbaryp kömek soradylar. Gedeýon azajyk adam bilen nädip 135 000 esgeri ýeňdi?

35-NJI SAPAK

Hanna Hudaýdan ogul dileýär

Alkana Hannany we Pennina bilen çagalaryny Şilodaky çadyra alyp gaýdýar. Şol ýerde Hanna Hudaýdan ogul dileýär. Bir ýyl geçensoň, Şamuwel dogulýar.

36-NJY SAPAK

Ýeftah söz berýär

Ýeftah näme söz berýär we näme üçin? Gyzy kakasynyň beren sözüni eşidende näme diýdi?

37-NJI SAPAK

Ýehowa Şamuwel bilen gepleşdi

Baş ruhany Alynyň iki ogly ruhany bolsa-da, Ýehowany diňlemeýärdi. Şamuwel çaga bolsa-da, olara meňzemedi. Ýehowa Şamuwel bilen gepleşýär.

38-NJI SAPAK

Ýehowa Şimşona güýç berdi

Hudaý Şimşona piliştliler bilen söweşmek üçin güýç beripdi. Emma ol ýalňyşdy, şonuň üçin piliştliler ony tutup türmä basdy.