Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

7-nji bölüm

7-nji bölüm

Şu bölümde Şawul bilen Dawut patyşanyň ýaşan döwri barada aýdylýar. Onda 80 ýylyň içinde bolan wakalar gürrüň berilýär. Başda Şawul patyşa pesgöwünli adamdy, Hudaýdan gorkýardy. Ýöne soň tekepbir bolýar. Hudaýyň tabşyryklaryna gulak asman başlaýar. Ýehowa hem Şawuldan ýüz öwürýär. Soňra Şamuwel pygambere Dawudy Ysraýyla patyşa bellemegi tabşyrýar. Şawul Dawuda göriplik edýär. Ony birnäçe gezek öldürjek bolýar. Ýöne Dawut ondan hijem ar almaýar. Şawulyň Ýonatan atly ogly bardy. Ol Ýehowanyň Dawudy patyşa belländigini bilýärdi. Şonuň üçin Ýonatan Dawuda hemişe wepaly boldy. Elbetde, Dawut hem durmuşda ýalňyşýar, agyr günä edýär. Ýöne Ýehowa oňa temmi berende, günäsini boýun alýar we toba edýär. Ene-atalar, çagalaryňyza Ýehowa we onuň bellän adamlaryna hemişe gulak asyp, wepaly bolmalydygyny düşündiriň.

ŞU BÖLÜMDE:

39-NJY SAPAK

Ysraýylyň ilkinji patyşasy

Ýehowa halkyna serdarlary belleýär. Ýöne ysraýyllar patyşanyň bolmagyny isleýär. Şamuwel Şawuly patyşa belleýär. Biraz wagtdan Ýehowa patyşadan ýüz öwürýär. Näme üçin?

40-NJY SAPAK

Dawut bilen Jalut

Ýehowa Dawudy Şawuldan soň patyşa belledi. Dawut hem Ýehowanyň ynamyny ödedi.

41-NJI SAPAK

Dawut bilen Şawul

Şawul Dawudy näme üçin ýigrenýärdi? Dawut hem Şawuly ýigrendimi?

42-NJI SAPAK

Ýonatan batyrgaý hem wepaly

Patyşanyň ogly Ýonatan Dawudyň jana-jan dostudy.

43-NJI SAPAK

Dawut patyşa günä edýär

Ýekeje nädogry iş köp kynçylyklary döredýär.