Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

9-njy bölüm

9-njy bölüm

Hudaýyň ýaşajyk gullukçylary, pygamberleri we patyşalary Ýehowa iman edipdirler. Şu bölümde olardan köp zatlary öwreneris. Ysraýylly gyzjagazy Siriýa äkidýärler. Ol Ýehowanyň pygamberiniň Nagymany sagaltjakdygyna iman edýärdi. Alyşa pygamber hem Ýehowanyň duşmanlardan gorajakdygyna ynanýardy. Baş ruhany Ýehoýada ýaşajyk Ýehoýaşy goraýar. Ol Ýehoýaşy enesi Atalýadan halas etmek üçin janyny orta goýýar. Hizkiýa patyşa Ýehowanyň Iýerusalimi halas etjekdigine ynanýardy. Ol assiriýalylardan gorkmady. Ýoşyýa patyşa ýurtdan butparazlygy aýyrdy, ybadathanany dikeltdi we halka Ýehowa arassa sežde etmäge kömek etdi.

ŞU BÖLÜMDE:

51-NJI SAPAK

Goşunbaşy bilen gyzjagaz

Ysraýylly gyzjagaz hojaýynyň aýalyna Ýehowanyň güýçli Hudaýdygyny aýdýar. Şeýdip, olar Ýehowanyň gudratyny görýärler.

52-NJI SAPAK

Ýehowanyň goşuny

Alyşanyň hyzmatkäri Hudaýyň uly goşunynyň goraýandygyny gördi.

53-NJI SAPAK

Ýehoýada batyrgaýdy

Hudaýa wepaly ruhany zalym şa aýala garşy çykýar.

54-NJI SAPAK

Ýehowa Ýunusa sabyr etdi

Hudaýyň pygamberini nädip uly balyk ýuwutdy? Pygamber nädip halas boldy? Ýehowa oňa näme öwretdi?

55-NJI SAPAK

Ýehowanyň perişdesi Hizkiýany goraýar

Duşmanlar Ýehowanyň halkyny gorap bilmejekdigini aýdýar. Ýöne olar örän ýalňyşdy.

56-NJY SAPAK

Ýoşyýa Hudaýyň Kanunyny gowy görýärdi

Ýoşyýa sekiz ýaşynda patyşa bolýar. Ol halka Ýehowa sežde etmegi öwredýär.