Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

10-njy bölüm

10-njy bölüm

Ýehowa älem-jahanyň patyşasy. Ol ähli zada gözegçilik edýär. Hudaý gelejekde-de hemme zada gözegçilik eder. Meselem, ol geçmişde Ýermeýa pygamberi ölümden halas edipdi. Ol Sedrahy, Meşahy we Abdynagy ýanyp duran otdan alyp galdy. Danyýar pygambere kömek etmek üçin ýolbarslaryň agzyny baglady. Ýehowa Esteri gorady. Şeýdip, ol Hudaýyň halkyna kömek edip bildi. Ýehowa bir gün erbetligiň hem soňuna çykar. Äpet heýkel we uly agaç baradaky pygamberlik Ýehowanyň Patyşalygy arkaly erbetligi ýok etjekdigini subut edýär. Onuň Patyşalygy bütin ýeriň üstünden höküm sürer.

ŞU BÖLÜMDE:

57-NJI SAPAK

Ýehowa Ýermeýany iberýär

Ýaş pygamberiň aýdan habaryna ýaşulularyň gahary gelýär.

58-NJI SAPAK

Iýerusalim şäheri ýykylýar

Ýahudadaky adamlar butlara sežde edip, Ýehowadan daşlaşdylar.

59-NJY SAPAK

Ýehowa gulak asan ýigitler

Wawilona sürgün edilen dört ýaş ýigit patyşanyň köşgünde ýaşasa-da, Ýehowa wepaly boldy.

60-NJY SAPAK

Hudaýyň Patyşalygy ebedi durar

Danyýar Nawuhodonosar patyşanyň düýşüniň manysyny düşündirýär.

61-NJI SAPAK

Olar baş egmedi

Sedrah, Meşah we Abdynag Wawilon patyşasynyň ýasan altyn heýkeline baş egmedi.

62-NJI SAPAK

Uly agaç baradaky düýş

Nawuhodonosor düýşi arkaly gelejekde özüne näme boljagyny bilýär.

63-NJI SAPAK

Diwara ýazylan hat

El diwara haçan hat ýazýar we şol sözler nämäni aňladýar?

64-NJI SAPAK

Danyýar ýolbarsly çukura taşlanýar

Danyýar ýaly her gün Ýehowa doga et.

65-NJI SAPAK

Ester halkyny halas edýär

Ester başga milletden bolsa-da, patyşanyň aýaly boldy.

66-NJY SAPAK

Hydyr Kanuny öwredýär

Halk Hydyr ruhanyny diňlänsoň, Hudaýa söz berýär.

67-NJI SAPAK

Iýerusalimiň diwarlary

Nehemýa duşmanlaryň çozjagyny eşidýär. Ol näme üçin gorkmady?