Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

48-NJI AÝDYM

Her gün Ýehowanyň ýolundan ýöräliň

Her gün Ýehowanyň ýolundan ýöräliň

(Mikaý 6:8)

  1. 1. Eziz Allanyň ýolundan

    Her gün ýöräň pespällik bilen.

    Hudaý edýär köp ýagşylyk

    Islegini etseň ýürekden.

    Hudaýyň söýgüsi çäksiz,

    Ýaşaýarys arkaýyn.

    Ömrümizi bagyş etdik,

    Dostluk berkeýär günsaýyn.

  2. 2. Ýetip gelýär bellenen gün,

    Şeýtan gahar-gazapdan doly.

    Ýadaman etse-de hüjüm,

    Berk duralyň, bolmalyň guly.

    Hudaý arkamyzda durar,

    Gorar berk gala ýaly.

    Hiç wagt ýolundan sowulman

    Gulluk edeliň wepaly.

  3. 3. Hudaý kömek edýär mydam,

    Sözüni hem güýjüni berýär.

    Jogap berýär dogamyza,

    Ýygnaklarda goluny gerýär.

    Ýöräp Hudaýyň ýolundan,

    Edeliň dogry zady.

    Pälimizi pes tutalyň,

    Gowşatman hiç haçan bady.