64-NJI AÝDYM
Hasyla höwes bilen gatnaşalyň
-
1. Hasyl ýygylýan döwür geldi,
Serediň ekin meýdana.
Goşant goşalyň höwes bilen,
Işleri goýup bir ýana.
Isa boldy gowy görelde,
Hasyla gatnaşdy günde.
Biz hem öýden-öýe aýlanalyň,
Wagza gatnaşalyň günde.
-
2. Wagt barka bolalyň yhlasly,
Söýeliň her bir ynsany.
Wagyz edeliň, öwredeliň,
Gaýgyrmalyň şirin jany.
Geliň, şatlanalyň ýürekden,
Ýehowa berer bereket.
Iň soňuna çenli gatnaşalyň,
Edip aýgytly hereket.
(Serediň: Mat. 24:13; 1 Kor. 3:9; 2 Tim. 4:2)