Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

73-NJI AÝDYM

Batyrgaýlyk diläliň

Batyrgaýlyk diläliň

(Resullar 4:29)

  1. 1. Wagyz edýäris elmydam

    Patşalyk habaryny.

    Köp adamlar garşy çykýar,

    Pürkýärler gaharyny.

    Emma hiç kimden gorkman,

    Hudaýy diňläris hökman.

    Ýalbarýarys, güýç-gaýrat beräý,

    Ýa Allam, kömege geläý.

    GAÝTALAMA:

    Dileýäris batyrgaýlyk

    Gorkmaz ýaly hiç kimden.

    Bütin ýeriň ýüzi dolsun

    Sen hakdaky bilimden.

    Armageddon golaý, ine,

    Az wagt galdy beýik güne.

    Dileýäris batyrgaýlyk

    Gorkmaz ýaly.

  2. 2. Kämahallar gorky basýar,

    Ejiz, gowşak ählimiz.

    Ýatlasak beren wadaňy

    Berkeýär imanymyz.

    Duşmanlaryňa seret,

    Halkyňa atmasyn töhmet.

    Bize mukaddes ruhuňy ber,

    Batyr bolmaga kömek et.

    GAÝTALAMA:

    Dileýäris batyrgaýlyk

    Gorkmaz ýaly hiç kimden.

    Bütin ýeriň ýüzi dolsun

    Sen hakdaky bilimden.

    Armageddon golaý, ine,

    Az wagt galdy beýik güne.

    Dileýäris batyrgaýlyk

    Gorkmaz ýaly.