Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

78-NJI AÝDYM

«Hudaýyň Sözüni öwredeliň»

«Hudaýyň Sözüni öwredeliň»

(Resullar 18:11)

  1. 1. Höwes bilen öwredeliň

    Hudaýyň Sözüni.

    Çäksizdir akyldarlygy,

    Göreris güýjüni.

    Isa öwretdi ýadaman

    Sabyr-takat bilen.

    Geliň, öwredeliň ýaltanman

    Söýgi, mähir bilen.

  2. 2. Hemişe halal ýaşalyň,

    Edeliň ýagşylyk.

    Tämiz ýürekli bolalyň,

    Edeliň şaýatlyk.

    Ýahyň Sözüni okalyň,

    Tapalyň dürdäne.

    Wagyzda yhlasly bolalyň,

    Ekeliň köp däne.

  3. 3. Hudaý hökman kömek eder,

    Öwrediň Sözüni.

    Doga-dilegi eşider,

    Gaýgyrmaz güýjüni.

    Hudaýyň Sözi hakykat,

    Pespäl kabul eder.

    Olar hem hoş habary söýer,

    Her gün wagyz eder.