Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

96-NJY AÝDYM

Hudaýyň Sözi genji-hazyna

Hudaýyň Sözi genji-hazyna

(Nakyllar 2:1)

  1. 1. Bir kitap bar, içindäki sözleri

    Rahatlyk, umyt berýär ynsana.

    Her bir setirindäki pikirleri

    Derde derman, şypa berýär jana.

    Ynsan ýazsa-da Mukaddes Kitaby,

    Ylhamlanyp aýdypdy baryny.

    Ýehowa berdi mukaddes ruhuny,

    Ýetirdi ajaýyp habaryny.

  2. 2. Pygamberler ýazypdyr ähli zady

    Hudaýyň Mukaddes Kitabynda.

    Hudaý ýaradyp ilkinji ynsany

    Ýerleşdiripdir Erem bagynda.

    Emma bir zalym perişde azypdyr,

    Töhmet atypdyr Ýahyň adyna.

    Şeýdip, günä, ölüm peýda bolsa-da,

    Hudaý tizden ýeter maksadyna.

  3. 3. Begeniň, şatlanmaly pursat geldi,

    Höküm sürýär Ýahyň bellän şasy.

    Geliň, hoş habary wagyz edeliň,

    Tizden ýerine ýeter wadasy.

    Kitabyň täsindir her bir parçasy,

    Pespäl adam üçin toý saçagy.

    Hudaýyň beren genji-hazynasy,

    Öwredýär ýagşyny saýgarmagy.