Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

97-NJI AÝDYM

Hudaýyň Sözi bilen ýaşaýarys

Hudaýyň Sözi bilen ýaşaýarys

(Matta 4:4)

  1. 1. Ýehowa Hudaýymyzyň

    Sözi her gün gerek.

    Ýaşamak üçin diňe bir

    Ýeterlik däl çörek.

    Diňläň mukaddes Sözüni,

    Bol bereket berer.

    GAÝTALAMA:

    Adamy her gün ýaşadýar

    Ýehowanyň Sözi.

    Aň-düşünjäňi goraýar

    Ýehowanyň Sözi.

  2. 2. Ençe batyr pygamberler

    Ýaşapdyr geçmişde.

    Olaryň sarsmaz imany

    Görünýär her işde.

    Her biriniň göreldesi

    Galkyndyrýar kalby.

    GAÝTALAMA:

    Adamy her gün ýaşadýar

    Ýehowanyň Sözi.

    Aň-düşünjäňi goraýar

    Ýehowanyň Sözi.

  3. 3. Ýehowanyň her bir sözi

    Şirin jana derman.

    Kynçylyklar köp bolsa-da,

    Güýç berýär her zaman.

    Her gün okalyň Sözüni,

    Gorasyn ýüregi.

    GAÝTALAMA:

    Adamy her gün ýaşadýar

    Ýehowanyň Sözi.

    Aň-düşünjäňi goraýar

    Ýehowanyň Sözi.

(Serediň: Ýuşa 1:8; Rim. 15:4)