Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

102-NJI AÝDYM

«Ejizlere kömek edeliň»

«Ejizlere kömek edeliň»

(Resullar 20:35)

  1. 1. Biz bikämil hem gowşak,

    Ählimiz ejiz.

    Ýöne Ýehowa üçin

    Hemmämiz eziz.

    Atamyz rehimdar,

    Mähirli Hökümdar.

    Geliň, bizem söýeliň,

    Kömek edeliň.

  2. 2. Doganlar mert bolsa-da,

    Ýüregi dertli.

    Ruhlanar hem galkynar,

    Bersek teselli.

    Hudaý söýýär bizi,

    Berkidýär ejizi.

    Geliň, bolalyň syrdaş,

    Dökmesin gözýaş.

  3. 3. Ejize örän gerek

    Bir dertdeş ýürek.

    Hiç haçan tankytlaman,

    Edeliň kömek.

    Ýakyn dost bolalyň,

    Ýadaman goldalyň.

    Bereris köp teselli,

    Bolsak mähirli.