Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

106-NJY AÝDYM

Söýmegi öwreneliň

Söýmegi öwreneliň

(1 Korinfliler 13:1—8)

  1. 1. Doga edip kömek soralyň,

    Ýahdan söýmegi öwreneliň.

    Mukaddes ruhy kömek eder,

    Ýürekden söýmegi öwreder.

    Akyldarlyk hem iman gerek,

    Söýmesek ählisi biderek.

    Her zatda bolalyň wepaly,

    Geliň, söýeliň Hudaý ýaly.

  2. 2. Söýgi wepaly wadasyna,

    Hiç wagt çapmaýar peýdasyna.

    Ýol berip erbet pikirine,

    Ýüreginde saklamaz kine.

    Söýýän adam sabyr-takatly,

    Göwnüçökgünlere mähirli.

    Söýgi döz gelýär ähli zada,

    Söýgi çydaýar ähli zada.