Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

120-NJI AÝDYM

Isa ýaly ýumşak boluň

Isa ýaly ýumşak boluň

(Matta 11:28—30)

  1. 1. Isa Mesih bolsa-da beýik adam,

    Tekepbirlik etmeýärdi hiç haçan.

    Hudaý berse-de Isa wajyp orun,

    Kiçigöwünlidi, bolýardy tabyn.

  2. 2. Agyr ýükli adam ýanyna barsa,

    Isa ruhlandyrar, göwünlik berer.

    Ýüki ýeňil, jana rahatlyk berer,

    Ýumşak adama köp ýagşylyk eder.

  3. 3. Hudaý üçin deň şägirtleriň bary,

    Hiç kim özüni tutmasyn ýokary.

    Ýumşak adamlary Ýehowa söýýär,

    Ebedi ýaşaýşa mynasyp görýär.